Eýran Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň möhüm hyzmatdaşlaryndan biridir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23994-eýran_Ýewraziýa_ykdysady_bileleşiginiň_möhüm_hyzmatdaşlaryndan_biridir
Ýewraziýa Bileleşiginiň Söwda ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Russiýadaky ilçisi bilen bolan duşuşygynda Eýran Ýewraziýa Bileleşiginiň möhüm hyzmatdaşlaryndan birine öwrüler diýdi.
(last modified 2023-12-21T03:48:27+00:00 )
Dec 21, 2023 08:48 Asia/Ashgabat
  • Eýran Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň möhüm hyzmatdaşlaryndan biridir

Ýewraziýa Bileleşiginiň Söwda ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Russiýadaky ilçisi bilen bolan duşuşygynda Eýran Ýewraziýa Bileleşiginiň möhüm hyzmatdaşlaryndan birine öwrüler diýdi.

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi (EAEU) Belarusdan, Gazagystandan, Russiýadan, Gyrgyzystandan we Ermenistandan ybarat hökümetara ykdysady bileleşik bolup, bu bileleşigiň syn edýän agzalary Özbegistan, Moldowa we Kubadyr.

Eýranyň Russiýadaky ilçisi Kazem Jalali, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň söwda ministri Andreý Slepnew bilen duşuşdy we pikir alyşdy.

IRNA-nyň habaryna görä, bu duşuşykda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň Söwda ministri Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde Eýranyň Yslam Respublikasy bilen erkin söwda şertnamasyna gol çekmek meýilnamasyna salgylanyp, Eýranyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň möhüm hyzmatdaşlaryndan birine öwrüljekdigini aýtdy.

Eýranyň Russiýadaky ilçisi, Eýran bilen Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň arasyndaky erkin söwda şertnamasyny intensiw gepleşikleriň we taraplaryň gatnaşyklaryny ösdürmek isleginiň netijesi hasaplady.

Eýran Yslam Respublikasy bilen Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň arasyndaky erkin söwda şertnamasynyň teksti, güýçli gepleşiklerden soň Eýran we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň bäş agzasy tarapyndan tassyklandy we ýakyn geljekde Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek Bileleşigiň Liderler sammitiniň çäginde gol çekilmeli.