Eýranyň we Günorta Afrikanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian we Günorta Afrikanyň Daşary gatnaşyklar we halkara hyzmatdaşlyk ministri Naldi Pandour telefon arkaly ikitaraplaýyn we sebitara gyzyklanma bildirýän käbir meseleler, esasanam Palestina we Gazadaky wakalar barada pikir alyşdylar.
IRNA-nyň habaryna görä, Huseýin Amir Abdollahian bu telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky ösýän gatnaşyklardan kanagatlanýandygyny aýtmak bilen Günorta Afrika hökümetiniň we milletiniň Palestinanyň ezilen halkyny goldaýan berk we aýdyň pozisiýalarynyň yglan edilmegine ýokary baha berdi.
Amir Abdollahian şeýle hem, iki ýurduň halkara arenasyndaky sionist režimiň jenaýatlaryny ýazgarmak we urşy duruzmak we ezilen palestina halkynyň görgülerini azaltmak boýunça bilelikdäki tagallalaryny möhüm hasaplady.
Bu telefon söhbetdeşliginde Naldi Pandour hem Günorta Afrika hökümetiniň we milletiniň palestina halkyna goldaw bermekde we Ysraýyl režiminiň jenaýatlarynyň dowam etdirilmeginde aç-açan pozisiýalaryna ünsi çekip Günorta Afrika hökümeti Palestina halkyna garşy edilen jenaýatlary derňemek we yzarlamak üçin resmi kazyýet haýyşyny Halkara Adalat Kazyýetine iberdi diýdi.