Raisi: Eýran Müsür bilen gatnaşyklaryň giňelmegini garş alýar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Müsüriň prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda giňelmegine ünsi çekdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raesi, Müsüriň prezidenti Abdol Fattah Al-Sisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde bu ýurtda prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegini gutlady we täze möhletde öňa üstünlik arzuw etmek bilen Eýran, dostlukly we musulman ýurt bolan Müsür bilen dürli ugurlarda gatnaşyklaryň giňelmegini garşy alýar diýdi.
Raisi şeýle-de iki ýurdyň dostlukly we gadymdan geýän gatnaşyklaryna salgylanmak bilen Ymam Homeýniniň (RA) pikiriçe, Eýran Yslam Respublikasynyň syýasaty elmydama musulmanlaryň statusyny we abraýyny ýokarlandyrmaga we şaýy bilen sünni agzybirligini berkitmäge esaslanýar we şunuň bilen baglylykda, Palestina halkynyň hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginiň Yslam dünýäsiniň ilkinji we esasy meselesidigini elmydama mälim etdik diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň Sionist režiminiň düwnük keseli we sebitdäki howpsuzlyga, asudalyga we parahatçylyga çynlakaý howp salýandygy baradaky teoriýasynyň hemmeler subut edilendigini görkezdi diýmek bilen häzirki wagtda Amerikanyň, her kime ikiýüzlülik bilen özüni saklamaga çagyrýandygyna garamazdan, Sionist režiminiň jenaýatlaryny dowam etdirmeginiň esasy goldawçysy we sebäbidir şonuň üçin Gazada aladaly we parahatçylyk dörediji rol oýnap bilmejekdigine hemmeleriň şaýatlyk edýändigini aýtdy.
Raisi Sionist režimiň genosidini duruzmak we Gazanyň ezilen, ýöne güýçli palestinalylaryna kömek bermek üçin Eýranyň ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaga taýýardygyny yglan etmek bilen Sionist režimiň Gazadaky hüjümlerini duruzmak, kömek bermäge we palestina halkynyň hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin Müsüriň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmagyna garaşýarys diýdi.
Bu telefon söhbetdeşliginde Müsüriň prezidenti Abdel Fattah Al-Sisi hem Riýadda Yslam Hyzmatdaşlyk Sammitiniň çäginde iki prezidentiň duşuşygyndan soň Raisi bilen ýene bir gezek söhbetdeşlik geçirmek mümkinçiliginden hoşaldygyny aýtmak bilen şeýle hem, Müsüriň prezidentligine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlagy üçin minnetdarlyk bildirdi we Eýran we Müsür, ýokary taryhy we siwilizasiýa derejesi sebäpli, şeýle hem dürli mümkinçiliklere eýe bolup, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde täsirli rol oýnap biler diýdi.
Müsüriň prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň goňşy ýurtlar we sebit bilen gatnaşyklary güýçlendirmek syýasatyna ýokary baha bermek bilen, öz ýurdunyň iki ýurduň arasyndaky meseleleri çözmek üçin amaly çäreleri görmäge taýýardygyny aýtdy.