Bageri Kani: Palestinalylar öz geljegi barada özbaşdak karar bermeli
Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Tähranda Palestina baradaky halkara konferensiýasynyň çäginde Palestiniň ykbalyny kesgitlemek hukugyny palestinalylaryň özleri kesgitlemelidirler diýdi.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Ali Bageri Kani Tähranyň Palestina boýunça halkara konferensiýasynyň çäginde žurnalistleriň ýygnagynda eden çykyşynda Palestinalylar, barlygyny, şahsyýetini we garaşsyzlygyny goramak ýolunda durmuşy bolan iň eziz janlaryny bermäge taýýardylar diýdi.
Ol şeýle-de biziň pikirimizçe, Palestina üçin dowamly çözgüt bolup biljek we bu durnuksyzlygy ýok edip biljek zat hemmeleriň palestina halkynyň öňünde baş egip, palestina halkyna, ýewreý bolsun, hristian bolsun ýa-da musulmanlar bolsun Palestina topragynyň eýeler hökmünde basyp alnan ýerlerde ýaşaýanlar we sionistleriň basyşy sebäpli öz ýerlerini terk etmäge mejbur bolan millionlarça palestinala esasy adalatly referenduma gatnaşmaga we adalatly geljege karar bermäge rugsat bermelidir diýip nygtady.
Bageri Kani şeýle-de bu, şu wagta çenli synagdan geçirilmedik we sebite we dünýä durnuklylygy we parahatçylygy getirip biljek bir wariantdyr diýdi.
Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy orunbasary şeýle-de Amerika öz bähbitlerini goramak we sionistleriň bähbitlerini kepillendirmek üçin palestinalylara garşy weto hukugyny ençeme gezek ulandy diýdi.
Bageri Kani şeýle hem Eýranyň ileri tutýan meseleleriniň biri, bu ýurduň halkynyň Palestina barada karar bermegidir diýip sözlerine goşdy.