Tährandaky rus wekili Eýranyň Daşary işler ministrligine çagyryldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24018-tährandaky_rus_wekili_eýranyň_daşary_işler_ministrligine_çagyryldy
Russiýanyň hökümetiniň Eýranyň üç adasy barada Magrebiň ýygnagynyň beýanyndaky esassyz talaplary goldaýandygy gaýtalanandan soň, bu ýurduň Tährandaky wekili şenbe güni Eýranyň Daşary işler ministrligine çagyryldy we nägilelik haty gowşuruldy.
(last modified 2023-12-24T01:03:09+00:00 )
Dec 24, 2023 06:03 Asia/Ashgabat
  • Tährandaky rus wekili Eýranyň Daşary işler ministrligine çagyryldy

Russiýanyň hökümetiniň Eýranyň üç adasy barada Magrebiň ýygnagynyň beýanyndaky esassyz talaplary goldaýandygy gaýtalanandan soň, bu ýurduň Tährandaky wekili şenbe güni Eýranyň Daşary işler ministrligine çagyryldy we nägilelik haty gowşuruldy.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Magrebde Arap-Russiýa Hyzmatdaşlyk Forumynyň mejlisiniň geçirilmegi we bu duşuşygyň beýanynyň berilmegi bilen, Eýranyň üç adasy hakda käbir talaplar öňe sürüldi. onuň yzy bilen Russiýanyň ilçisiniň ýok ýerinde, şenbe güni agşam Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Pars Aýlag boýunça baş müdiriniň kömekçisi tarapyndan bu ýurduň Tährandaky wekili çagyryldy.

Tähranda Russiýanyň wekiliniň çagyrlanda, Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň Russiýa Federasiýasyna, Russiýanyň hökümetiniň arap-rus altynjy ýygnagynyň beýanyndaky esassyz talaplara yzygiderli goldaw bermegine berk nägilelik haty berildi.