Amir Abdollahýanyň, Palestindäki wakalar bilen baglanyşykly Şanhaý guramasynyň baş sekretarynyň pozisiýasyna minnetdarlygy
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çan Ming bilen bolan duşuşygynda Palestindäki wakalar babatynda oňyn we döredijilikli pozisiýalaryna ýokary baha berdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Huseýin Amir Abdollahian bu duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň dürli ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyna ünsi çekip bu hyzmatdaşlygyň ähmiýetini we giňelmegini nygtady.
Ol Yslam Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasarynyň Bişkekdäki ýygnagynda maýa goýum, transport, tranzit we daşky gurşaw ýaly ykdysady we senagat hyzmatdaşlygy baradaky teklibine ünsi çekdi we durmuşa geçirmek babatynda guramanyň Baş sekretarynyň goldawyny we yzarlanmagyny isledi.
Bu duşuşykda Şanhaý guramasynyň baş sekretary Amir Abdollahiana Palestina konferensiýasynyň üstünlikli geçirilendigi we Eýran Yslam Respublikasynyň Palestina halkyna gönükdirilen ýörelgeleri üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, Şanhaý guramasynyň Palestina meselesi babatynda Şanhaý guramasynyň Günbatar Aziýa sebitiniň howpsuzlygyna berýän ähmiýetini açyklap aýtdy.
Çan Ming, Eýran Yslam Respublikasynyň guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda howpsuzlyk, ykdysady we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ornuny we gatnaşygyny möhüm diýip atlandyrmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Bişkek ýygnagynda senagat we ykdysady hyzmatdaşlygy we maýa goýumlaryny ösdürmek baradaky tekliplerini garşy aldy we bu guramanyň sekretariatynyň gozgalan meseleleri yzarlamaga taýýardygyny mälim etdi.