Eýranyň ýokary derejeli syýasy we harby resmileri Sionist režimini ýazgardylar
Eýranyň ýokary derejeli syýasy we harby resmileri şol sanda Amir Said Irwani Sionist režimi tarapyndan serdar Seýid Razi Musawiniň şehit bolmagyny berk ýazgardylar.
Eýranyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irwani düýn (sişenbe) Eýranyň Siriýadaky uly harby geňeşçisi Seýid Razi Musawiniň şehit bolmagyndan soň Howpsuzlyk Geňeşiniň prezidentine we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşe ýazan hatynda, "Ysraýyl režiminiň aýylganç we gorkak hereketlerini" ýazgarmak bilen, Eýran halkara hukugyna we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp, zerur hasaplanýan wagtynda aýgytly jogap bermek hukugyny özünde saklaýar diýdi.
Amir Said Irwani bu hatyň "Ysraýyl režiminiň Siriýada amala aşyrýan aladaly we ýygy-ýygydan terrorçylykly hüjümleri barada gyssagly habar bermek üçin" berlendigini ýatlatdy we bu režimiň Siriýanyň resmi haýyşy boýunça terrorçylyga garşy göreşmek üçin kanuny taýdan bu ýurtda bolan Eýranyň harby geňeşçilerini bilkastlaýyn nyşana alandygyny aýtdy.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi şeýle-de "Eýran Yslam Respublikasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek baradaky tertipnamalaryny ýerine ýetirmegini we Ysraýyl režiminiň zyýanly hereketlerini we bu režimiň sebitdäki dünýädäki parahatçylyga we howpsuzlyga çynlakaý howp salýan agressiw we terrorçylykly hereketlerini berk ýazgarmbagyny isledi. Bu režim halkara kanunlaryny ýerine ýetirmäge we sebitdäki durnuksyzlaşdyryjy işlerini togtatmaga mejbur bolmalydyr" diýdi.