Eýranda uçar gurmak sanksiýalary zyýansyzlandyrmak üçin uly ädimdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24068-eýranda_uçar_gurmak_sanksiýalary_zyýansyzlandyrmak_üçin_uly_ädimdir
Eýranly hünärmenleriň tagallasy bilen uçarlaryň gurulmagy, Eýrana garşy köp sanksiýalary netijesiz edip biler.
(last modified 2023-12-31T04:45:58+00:00 )
Dec 31, 2023 09:45 Asia/Ashgabat
  • Eýranda uçar gurmak sanksiýalary zyýansyzlandyrmak üçin uly ädimdir

Eýranly hünärmenleriň tagallasy bilen uçarlaryň gurulmagy, Eýrana garşy köp sanksiýalary netijesiz edip biler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşinden soň uçarlaryň Eýrana satylmagyny gadagan etmek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Ak tamyň günbatar ýaranlarynyň eýran halkyna garşy eden hereketlerinden biri boldy.

Ýadro ylalaşykdan soň, Eýran Yslam Respublikasy 2 sany esasy uçar öndürýän kompaniýa “Airbus” we “Boeing” bilen uçar satyn almak şertnamasyna gol çekdi, emma ABŞ ýadro ylalaşykdan çykandan soň bu şertnama sanksiýalaryň ýatyrylmagy üçin baglaşylan beýleki şertnamalar ýaly gaýtadan durmuşa geçirilmedi.

Amerikalylaryň we Günbatar kompaniýalarynyň iş bozarlygyna we uçar satyn almak şertnamasy boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmändigine garamazdan, içerki hünärmenler we Eýran kompaniýalary ýerli uçarlary gurmak işine has çynlakaý çemeleşýärler.

Eýranyň awiasiýa pudagynda dört strategiýanyň biri içerki we uçar önümçiligine bil baglamakdyr we uçar ýasamak üçin awiasiýasy guramasy, Eýranyň ylmy wise-prezidenti, Goranmak ministrligi we Eýranyň Senagat, magdan we söwda ministrliginden ybarat konsorsium döredildi.

Eýranyň raýat awiasiýa guramasynyň başlygy "Muhammet Muhammedi Bagş" bu barada beren gürrüňlerinde uçar zawodymyzyň bardygyny mälim etmek bilen buýsanýarys we bu mesele dünýä bilen gepleşiklerimizde we gatnaşyklarymyzda gozgaldy diýdi.

Eýranyň awiasiýa guramasynyň başlygy Ýaş habarçylar kluby bilen söhbetdeşlikde Goranmak ministrliginde we Uçar senagaty kompaniýasynda ýöriteleşdirilen bilimleriň köpelýändigini aýtdy.

Eýran parlamentiniň Senagat we magdanlar komissiýasynyň metbugat sekretary Ruhollah Jani Abbaspour hem ýurtda uçar öndürmek barada şeýle diýdi: Özüňe bil baglamak, ýaşlara we bilime esaslanýan kompaniýalara bil baglamak, howa, raketa, pilotsyz uçar, lazer tehnologiýasy, uçar dwigateli we uçaryň özi ýaly köp gowy hereketlere sebäp boldy we bu öwgä laýykdyr.