Bageri: Eýran, BRICS-iň çäginde dollary aýyrmak ugrunda işlär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24074-bageri_eýran_brics_iň_çäginde_dollary_aýyrmak_ugrunda_işlär
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary ​​BRICS-iň beýleki agzalary ýaly, Eýran hem BRICS-iň çäginde söwda amallaryny dollarsyz ýerine ýetirmek boýunça iş alyp barar we bu ugurda käbir tagallalar edilýär diýdi.
(last modified 2023-12-31T08:04:35+00:00 )
Dec 31, 2023 13:04 Asia/Ashgabat
  • Bageri: Eýran, BRICS-iň çäginde dollary aýyrmak ugrunda işlär

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary ​​BRICS-iň beýleki agzalary ýaly, Eýran hem BRICS-iň çäginde söwda amallaryny dollarsyz ýerine ýetirmek boýunça iş alyp barar we bu ugurda käbir tagallalar edilýär diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Bageri Kani BRICS-iň çäginde köp missiýalary we BRICS-iň beýleki agzalary bilen bilelikdäki işleri meýilleşdirdik we iň möhüm meseleleriň biri söwda we ykdysady alyş-çalyşlardan dollary aýyrmak we maliýe hyzmatdaşlygydyr diýip beýan etdi.

Bageri sözüniň dowamynda, BRICS-iň bu ugrundaky işler başlandy we bu maksada gysga wagtda ýetmek üçin bu çäreleri güýçlendirmek we giňeltmek isleýäris diýdi.

Awgust aýynda Žohannesburgda geçirilen 15-nji BRICS ýokary derejeli ýygnagynda Eýran, Argentina, Müsür, Efiopiýa, BAE we Saud Arabystany bu topara goşulmaga çagyryldy.

Argentinadan başga bu ýurtlaryň doly agzalygy ertir (duşenbe), 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer.