Prezident Raisi: Sionist jenaýatçylar şehit "Musawini" terror etmekleriniň jezasyny tölär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24078-prezident_raisi_sionist_jenaýatçylar_şehit_musawini_terror_etmekleriniň_jezasyny_tölär
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şehit Seýid Razi Musawiniň maşgalasy bilen bolan duşuşygynda bu şehitiň terror edilmegi üçin sionist jenaýatçylaryň jeza tölejekdigini aýtdy.
(last modified 2023-12-31T09:28:39+00:00 )
Dec 31, 2023 14:28 Asia/Ashgabat
  • Prezident Raisi: Sionist jenaýatçylar şehit

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şehit Seýid Razi Musawiniň maşgalasy bilen bolan duşuşygynda bu şehitiň terror edilmegi üçin sionist jenaýatçylaryň jeza tölejekdigini aýtdy.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds Güýçleriniň geňeşçilerinden biri, Siriýadaky garşylyk okuny goldamak ugrunda işleýän Serdar Seýid Razi Musawi duşenbe güni (25-nji dekabr) Sionist režimiň Damaskyň Zainabiýa sebitine eden hüjümi wagtynda şehit boldy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, şenbe güni agşam Eýran Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi şehit Seýid Razi Musawiniň öýüne baryp, bu şehitiň maşgalasyna gynanç bildirdi we bu jenaýat hökman jogapsyz galmaz we sionist jenaýatçylar bu jenaýat üçin jeza tölärler diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de elbetde bu beýik generalyň Yslam garşylyk frontyny goldamak we güýçlendirmek ugrundaky hyzmatlary we tagallalary dostlary we ýoldaşlary bilen bilelikde bu ýurduň buýsançly taryhynda hemişelik galar diýdi.

Raisi şeýle-de basyp alyjy we jenaýatçy Sionist režimiň şehit bolan general Musawini şehit etmekdäki erbet we gorkak hereketiniň bu režimiň sebitdäki yslam garşylyk frontuna garşy ejizligi we gowşaklygy sebäpli ýüze çykandygyny aýtmak bilen bu jenaýat hökman jogapsyz galmaz we sionist jenaýatçylar bu jenaýat üçin jeza töläler diýip sözlerine goşdy.