Raisi: Terror, Eýran halkynyň agzybirligine, howpsuzlygyna we strategiýasyna päsgelçilik döretmeýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24098-raisi_terror_eýran_halkynyň_agzybirligine_howpsuzlygyna_we_strategiýasyna_päsgelçilik_döretmeýär
Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi türk kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran halkynyň duşmanlary bikanun maksatlaryna terror guraly bilen ýetip bilerler öýdýärler, emma Eýran halky bu jenaýatlaryň agzybirliginde, howpsuzlygynda we strategiýasynda päsgelçilik döredip bilmejekdigini subut etdi diýdi.
(last modified 2024-01-04T05:00:47+00:00 )
Jan 04, 2024 10:00 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Terror, Eýran halkynyň agzybirligine, howpsuzlygyna we strategiýasyna päsgelçilik döretmeýär

Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi türk kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran halkynyň duşmanlary bikanun maksatlaryna terror guraly bilen ýetip bilerler öýdýärler, emma Eýran halky bu jenaýatlaryň agzybirliginde, howpsuzlygynda we strategiýasynda päsgelçilik döredip bilmejekdigini subut etdi diýdi.

Çarşenbe güni öýleden soň, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds Güýçleriniň öňki serkerdesi general Gasem Soleýmanyň şehit bolmagynyň ýyl dönüminde, Kermanyň şehitler mazaryna barýan ýolda zyýaratçylaryň arasynda iki sany terror partlamasy boldy, bu bolsa 103 adamyň şehit bolmagyna we 211 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Köp ýurduň ýolbaşçylary we ýokary derejeli resmileri Eýranly watandaşlarynyň bir toparynyň şehit bolmagyna gynanç bildirip bu terrorçylykly hereketi ýazgardylar.

Kermandaky terrorçylykly jenaýatyndan soň, Eýran hökümeti şu gün, penşenbe güni köpçülikleýin ýas yglan etdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Seýid Ebrahim Raisi çarşenbe güni gije Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Kermandaky şehitler mazarynda edilen terrorçylykly hüjümden soň Eýran halkyna duýgudaşlyk bildirýändigine minnetdarlyk bildirmek bilen bu terrorçylyk wakasy, sebitde terrorçylyga we zorluga garşy göreşiň gahrymany hökmünde tanalýan şehidiniň mazarynyň golaýynda we guburynyň golaýynda bolup geçdi diýdi.

Raisi şeýle-de Eýran halkynyň duşmanlary bikanun maksatlaryna terror guraly bilen ýetip bilerler öýdýärler, emma Eýran halky bu jenaýatlaryň agzybirliginde, howpsuzlygynda we strategiýasynda päsgelçilik döredip bilmejekdigini subut etdi diýip nygtady.

Ol şeýle-de geljek Palestina milletine degişlidir we sionistleriň jenaýatlary hiç ýere gitmez diýdi.

Bu telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň prezidenti Eýranyň prezidentine, hökümetine we halkyna ýazmaça gynanç hatyny ibermegine yşarat edip bu aýylganç terrorçylykly hüjüm üçin öz duýgudaşlygymy we gynanjymy bildirmegiň zerurdygyny duýdum diýdi.

General Soleýmanyň şehit bolmagynyň ýyl dönüminde ýas tutýanlara edilen terrorçylykly hüjümi ýazgaran Rejep Taýyp Ärdogan Bu hüjüm terrorçylygyň ähli görnüşlerine garşy aýgytly söweşmegiň zerurdygyny ýene bir gezek görkezdi we Türkiýe terrorçylygyň ähli görnüşlerine garşy göreşmekde Eýran Yslam Respublikasynyň tarapynda durýar diýdi.

Kataryň emiri Şeýh "Tamim bin Hamad bin Halifa Al Thani" çarşenbe güni agşam Seýid Ybraýym Raesi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Kermanda zyýaratçylara edilen terrorçylykly hüjümiň gorkak jenaýatyny berk ýazgardy we bu terrorçylykly hüjümde bir topar Eýranlylaryň ölümi üçin Eýranyň hökümetine we halkyna gynanç we duýgudaşlyk bildirdi we bu jenaýat işi Eýrany howpy etmek isleýänler tarapyndan amala aşyryldy emma biz Eýran halkynyň milli jebisligine ynanýarys we biz siziň tarapyňyzdadyrys diýip nygtady.

Kataryň emiri şeýle-de Sionist režimiň Gazanyň ezilen halkyna garşy eden jenaýatlaryny duruzmak üçin bilelikde we sebitdäki ýurtlar we Yslam dünýäsi bilen has çuňňur maslahatlaşmak arkaly bilelikde işlemelidiris diýdi.

Raisi bu telefon söhbetdeşliginde, Kataryň emirine Eýran halkyna duýgudaşlygy üçin minnetdarlyk bildirip Sionistler, parahat ilaty rehimsizlik bilen öldürendikleri üçin olara garşy global hüjümler sebäpli garaşylýan netijäni alyp bilmändigi sebitiň beýleki ýerlerine howpsy ýaýratmaga çalyşýarlar diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş, Ýewropa Bileleşigi, halkara guramalar, syýasy toparlar, dini we syýasy işgärler we ýolbaşçylar, bilermenler we analitikler, Günbatar, Arap we Yslam ýurtlarynyň dürli habar beriş serişdeleri, Aziýa ýurtlary bu terrorçylykly wakany resmi taýdan ýazgardylar we Eýran halkyna gynanç we duýgudaşlyk bildirdiler.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin hem öz beýanatynda Kermanyň şehitler mazarynda terrorçylykly hüjümi ýazgarmak bilen bir hatarda Eýran raýatlarynyň bir toparynyň şehit bolmagy üçin Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysyna gynanç bildirdi.

Şeýle hem Niderlandlar, Italiýa, Pakistan, Nikaragua hökümetleri hem bu terrorçylykly jenaýaty ýazgardylar.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrligi hem resmi beýanatynda Riýadyň Eýran Yslam Respublikasynda asuda ilata garşy terrorçylykly partlamalara garşydygyny we bu terror jenaýatyny ýazgarýandygyny mälim etdi.

Liwanyň Hizbullahynyň Baş sekretary Seýid Hasan Nasrallah, Hamas we Yslam jihad hereketleri  hem bu terrorçylykly partlamany ýazgardylar.