Galibaf: Duşmanlaryň umytsyz hereketleri, eýran halkynyň tutanýerliligine täsir etmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24100-galibaf_duşmanlaryň_umytsyz_hereketleri_eýran_halkynyň_tutanýerliligine_täsir_etmez
Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf, Kermanda bolup geçen terrorçylykly waka üçin gynanç bildirmek bilen duşmanlaryň tarapyndan amala aşyrylan umytsyz we ejiz hereketler, eýran halkynyň tutanýerliligine we ygrarlylygyna täsir etmez diýdi.
(last modified 2024-01-04T06:18:38+00:00 )
Jan 04, 2024 11:18 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Duşmanlaryň umytsyz hereketleri, eýran halkynyň tutanýerliligine täsir etmez

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf, Kermanda bolup geçen terrorçylykly waka üçin gynanç bildirmek bilen duşmanlaryň tarapyndan amala aşyrylan umytsyz we ejiz hereketler, eýran halkynyň tutanýerliligine we ygrarlylygyna täsir etmez diýdi.

Eýranyň ähli resmilerinden başgada köp ýurduň ýolbaşçylary we ýokary derejeli resmileri Eýranly watandaşlarynyň bir toparynyň şehit bolmagyna gynanç bildirip bu terrorçylykly hereketi ýazgardylar.

Kermandaky terrorçylykly jenaýatyndan soň, Eýran hökümeti şu gün, penşenbe güni köpçülikleýin ýas yglan etdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Muhammet Bager Galibaf Kermanyň şehitler mazarynda köp sanly eziz watandaşymyzyň şehit bolmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan partlamanyň gorkak we terrorçylykly wakasyna gynanýandygyny mälim etmek bilen Eýranyň gaýratly halkyna garşy duşmanlaryň ýigrenji, utançsyz we duşmançylygynyň iň soňy bolup geçen we goragsyz erkekleri, aýallary we çagalary gana boýan bu pajygaly we adamkärçiliksiz betbagtçylyk, bu nadan we kör ýürekli adamlaryň ulgamyň ideallaryny we şehitler bilen bileleşigi goramak üçin halkyň hyjuwly bolmagyndan nä derejede gorkýandyklaryny we aladalanýandygyny subut etdi diýdi.

Galibaf sözüniň dowamynda bu topragyň batyr we dindar halky ençeme ýyl bäri duran rewolýusiýa pozisiýalaryna wepalylygyndan ýüz öwürmezler we duşmanlaryň tarapyndan amala aşyrylýan bu umytsyz we ejiz çäreler, olaryň berk we tutanýerliligine hiç hili täsir etmez diýdi.

Ol şeýle-de söweş meýdanynda ýüzbe-ýüz bolup bilmeýändikleri sebäpli imansyz taraplara Taňrynyň jezasy we näleti bolsun diýmek bilen, olar şeýdip, utançsyzlyk we wagşylyk bilen Hudaýyň iň gowy bendelerini şehit edýärler diýdi.