Amir Abdollahian: Basyp alyjy Sionist režimi maksatlarynyň hiç birine-de ýetilmedi
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri basyp alyjy Sionist režimiň Gazadaky maksatlarynyň hiç birine-de ýetmändigini aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian ýekşenbe güni Eýran hökümetiniň ýygnagynda Gazadaky soňky wakalar barada hasabatynda Gazanyň we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky halkyň garşylygynyň we durnukly goldawy bilen, soňky 90 günde sionist režimiň Palestinanyň Yslam garşylyk hereketini ýok etmek ýa-da ýaragsyzlandyrmak we tussaglary palestinaly toparlaryň elinden halas etmek baradaky maksatlarynyň hiç biri başa barmady diýip beýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda Sionistler Beýrutda Hamasyň syýasy wekili Saleh al-Arorini öldürmek bilen özleri üçin galp ýeňiş diýmäge synanyşdylar diýdi.
Amir Abdollahian şeýle-de şu gün, Sionist režiminiň kabinetindäki agzalalyklardan başga-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda urşy nädip goldamalydygy barada düşünişmezlikler boldy we Ak tamyň sionist režimi bilen doly hyzmatdaşlykda ýalňyşlygy ýaly meseleler gozgaldy diýip nygtady.
Eýranyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň sebitdäki durnukly howpsuzlyga hemişe ünsi çekýändigini aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň nukdaýnazaryndan, Gaza garşy uruş jenaýatlaryny duruzmagyň zerurlygy, Gumanitar kömek ibermek üçin kanallary açmak, mejbury göçmegi bes etmek we Gazanyň geljegini palestinalylaryň elinde we demokratik usul bilen kesgitlemek sebite parahatçylygyň dolanmagy üçin zerur şertleriň biridir diýdi.