Eýran bilen Täjigistanyň Mejlisleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk Memorandumyna gol çekildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24124-eýran_bilen_täjigistanyň_mejlisleriniň_arasynda_hyzmatdaşlyk_memorandumyna_gol_çekildi
Eýran we Täjigistan parlamentleriniň başlyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekdiler.
(last modified 2024-01-08T07:48:16+00:00 )
Jan 08, 2024 12:48 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Täjigistanyň Mejlisleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk Memorandumyna gol çekildi

Eýran we Täjigistan parlamentleriniň başlyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekdiler.

Eýran we Täjigistan parlamentleriniň başlyklary "Muhammet Bagir Galibaf" we "Rustami Emomali " Tähranda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykdan soň iki ýurduň parlamentleriniň arasynda parlament gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen memoranduma gol çekdiler.

Eýran we Täjigistan parlamentleriniň başlyklary bu duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmaga ünsi çekdiler.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, bu duşuşykda Eýran Yslam mejlis başlygy Eýran bilen Täjigistanyň medeni, dini, taryhy we dil umumylyklaryny hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak üçin çaltlaşdyryp biljek örän oňyn faktor hasaplady.

Galibaf Täjigistan mejlisiniň başlygynyň Tährana eden saparyny we ykdysady we ylmy merkezlere baryp görmegini iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm hasaplady.

Täjigistan mejlisiniň başlygy hem Eýrana eden saparyndan we Eýranyň häkimiýetleri bilen duşuşmagyndan hoşaldygyny mälim edip, Kermandaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy we bu biziň köp umumylyklarymyz bolan bir ýurda ilkinji saparym we bu umumylyklaryň iki ýurduň ösüşi üçin gowy netije berjekdigine umyt edýärin diýdi.

"Rustami Emomali " şeýle hem Eýran bilen Täjigistanyň arasyndaky parlament gatnaşyklaryny ýokarlandyrmagy talap etdi. Täjigistanyň Milli Mejlisiniň başlygy Eýranda iki günlük işinde dürli ykdysady, senagat we ylmy pudaklara baryp görmekçidir.