Kanani: Terrorçylyk ähli hökümetler we halklar üçin giňden ýaýran howpdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Kermanyň Şehitler Gülzaryndaky terrorçylykly hüjüme jogap edip, terrorçylygyň ähli hökümetler we halklar üçin we halkara parahatçylyk we howpsuzlyk üçin giňden ýaýran howpdygyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani şu gün (duşenbe) Kermanyň Şehitler Gülzarynda bolup geçen terrorçylykly hüjüm barada žurnalistler bilen hepdelik duşuşygynda terrorçylygy özleriniň erbet maksatlaryna ýetmek üçin ulanýanlar, terrorçylyk hereketlerini goldamak üçin kanuny, halkara, adam we ahlak jogapkärçiliginiň olara gönükdirilendigini we jogapkärçilige çekilmelidigini bilmelidirler diýdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Kanani şeýle-de günbatar taraplary bilen bolan söhbetdeşlikde elmydama gowy ýa-da erbet terrorçylyk ýaly zadyň ýokdugyny we howpuň giňden ýaýrandygyny we howpsuzlyga, parahatçylyga we adam howpsuzlygyna howp salýandygyny aýtdyk diýdi.
Kananiniň aýtmagyna görä, DAEŞ sebit däl aňtaw we howpsuzlyk gulluklary tarapyndan döredilen şum topardyr we kämahal bu aýylganç toparyny döretmekde gönüden-göni rol oýnaýandyklaryny mälim edendirler we soňky ýyllarda sebit derejesinde we onuň daşynda erbet terrorçylyk hereketlerini amala aşyrandyrlar we ählisinden has köp sebitdäki halklary bu hereketiň pidasy bolandyrlar.
Kanani Gazadaky wakalara ünsi çekip, Günbatar we Ýewropa hökümetleri, amaly ädimler ätmeli we sionist režimiň maddy-tehniki, harby we howpsuzlyk goldawyndan gaça durmaly diýin şygarlaryny bes edip Gazanyň halkyna garşy gazaply söweşi duruzmak üçin bu režime çynlakaý basyş etmelidirler diýdi.
Kanani şeýle-de Palestinanyň agzybirligini we jebisligini güýçlendirmek üçin islendik başlangyçlaryny we gepleşiklerini garşy alyp goldaýandygyny aýtdy.
Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle hem sebitdäki howpyň düýp sebäbi Amerikanyň harby güýçleriniň bolmagy we bu ýurduň gatyşmagy we Waşingtonyň basyp alyjy Sionist režimini şertsiz goldamagydyr diýdi.