sebitdäki islendik öjükdiriji hereketler barada Eýranyň Amerika duýduryşy
(last modified Tue, 09 Jan 2024 05:56:14 GMT )
Jan 09, 2024 10:56 Asia/Ashgabat
  •  sebitdäki islendik öjükdiriji hereketler barada Eýranyň Amerika duýduryşy

Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Gyzyl deňiz baradaky Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Ysraýyl režimiň aýdanlaryny ret edip, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň sebitiň asudalygyna we howpsuzlygyna howp abandyrjak öjükdiriji ýa-da jogapkärçiliksiz hereketlerden duýduryş berdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Gaza garşy häzirki söweşde Ysraýyl  režimiň esasy goldawçysy hökmünde ozal Yemen goşunynyň Gyzyl deňizdäki hereketlerine garşy göreşmek üçin koalisiýa döredjekdigini öňe sürüpdi, geçen çarşenbe güni beýleki 12 ýurt bilen bilelikde Howpsuzlyk Geňeşiniň Gyzyl deňiz baradaky ýygnagynda Gyzyl deňiz hüjümleriniň uly halkara problemasydygyny we kabul edip bolmajakdygyny toslady.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irwani duşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterrse we Howpsuzlyk Geňeşine başlyklyk edýän Fransiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisine hat ýazyp Şunuň bilen baglylykda Howpsuzlyk Geňeşi Ysraýyl režimini gan döküşligi duruzmaga, elgatyjylykly hereketlerini duruzmaga we ynsanperwerlik we adam hukuklary kanunlary boýunça halkara borçnamalaryny berk berjaý etmäge mejbur etmek üçin aýgytly çäreleri görmelidir diýip nygtady.