Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Adamlary sahnadan çykarmak, Eýranyň arassa topragynyň duşmanlarynyň strategiýasy
(last modified Wed, 10 Jan 2024 07:24:12 GMT )
Jan 10, 2024 12:24 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Adamlary sahnadan çykarmak, Eýranyň arassa topragynyň duşmanlarynyň strategiýasy

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri adamlary sahnadan çykarmagy Eýranyň arassa topragynyň duşmanlarynyň strategiýasy hasapladylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi, 1356-njy ýylyň 19-njy deý gününi(1978-nji ýylyň 9-njy ýanwary) bu ýurduň halkynyň taryhy gozgalaňynyň ýyl dönüminde Gom şäheriniň ilaty bilen duşuşdy. 

Aýatolla Hameneýi Hezretleri bu ýygnakda eden çykyşynda garaşly we eziji Tagut režiminiň agdarylmagyny halkyň sahnada bolmagynyň anyk netijesi hasaplap adamlary gatnaşmaga çagyrmagyň maksady yslam dolandyryşy, yslam mertebesi, doly ýagşylyk we milletiň beýgelmegi we ulumsylyga garşy durmakdyr diýip beýan etdiler.

Ol Hezretleri Gaza zolagyny halkyň beýik güýjüniň anyk mysaly hasapladp  “Kiçijik bir ülkedäki kiçijik topar, ähli talaplary bilen Amerikany we Amerika garaşly

sionist režimini ýeňdi diýip nygtadylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, sionistler tarapyndan üç aýlap dowam eden jenaýat we çaga öldürilmegi taryhda ýatdan çykmajak waka hasaplap Bu režim ýer ýüzünden ýok edilenden soň hem bu jenaýatlar ýatdan çykarylmaz we taryhda ýazylar diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň adamlary, esasanam ýaşlary gelejekden ruhdan düşürmek synanyşygyny adamlary sahnadan çykarmak üçin beýleki hileleriň biri hasaplap negatiw ýaramaz nokatlary umumylaşdyrmak ýa-da ulaltmak, syýasy çärelere we saýlawlara gatnaşmagyň netijesizligini öňe sürmek we ykdysady kynçylyklary ulaldyp görkezmek olaryň wagyz işlerini ybaratlaýandyr diýip nygtap geçdiler

gudratlardan, Amerikadan we Sionist režiminden gorkuzmak adamlary meýdançadan kowmak üçinduşmanlaryň ýola berýän başga bir hilesidir diýip Mertebesi Belent Ýolbaşçy sözüne goşdylar.