Amir Abdollahýanyň Amerikanyň Ýemene garşy karary tassyklamak synanyşygyny tankyt etdi
(last modified Wed, 10 Jan 2024 08:30:55 GMT )
Jan 10, 2024 13:30 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahýanyň Amerikanyň Ýemene garşy karary tassyklamak synanyşygyny tankyt etdi

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň Ýemene garşy Gyzyl deňziň howpsuzlygyny goramak bahanasy bilen karar kabul etmek synanyşygyny tankytlamak bilen muny sebitde we Gyzyl deňizde Amerikanyň has köp harby güýçleriniň bolmagy üçin esas diýip atlandyrdy.

Ysraýyl režiminiň Gaza zolagynda hüjümleri güýçlenenden soň, Ýemen goşuny palestina halkyna doly goldaw berýändigini yglan etdi we basyp alnan Palestiniň günortasyndaky Eilat portyny birnäçe pilotsyz uçarlar we raketalar bilen nyşana aldy şeýle hem, Ysraýyl gämilerine, we Palestinanyň basyp alan ýerlerine barýan gämilere Gyzyl deňzinden we Bab al-Mandab bogazyndan geçmäge rugsat bermedi.

Amerika Ýemeniň deňiz flotunyň Gyzyl deňizdäki Ysraýyl gämilerine garşy alyp barýan işleriniň dowam etdirilmegini yzy bilen; Bu gämileri goramak bahanasy bilen harby koalisiýa döretdi we beýleki tarapdan, Gyzyl deňziň howpsuzlygyny goramak bahanasy bilen Ýemene garşy karar kabul etmäge synanyşýar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Huseýin Amir Abdollahian sişenbe güni agşam Sergeý Lawrow bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibindäki käbir meseleler, sebitleýin ösüşler, şol sanda Gaza garşy söweşdäki soňky wakalar we Gyzyl deňizdäki ýagdaýlar barada telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Amir Abdollahian rus kärdeşi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde käbir meseleleri, şol sanda tranzit we hemmetaraplaýyn we strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyny paýlaşdy.

Eýranyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Gyzyl deňziň howpsuzlygyny goramak bahanasy bilen Ýemene garşy karar kabul etmek synanyşygyny tankytlap, halkara deňiz howpsuzlygynyň möhümdigini aýtmak bilen Gyzyl deňizdäki wakalar Gaza we Amerikanyň we Ysraýyl režiminiň Palestina bolan özüni alyp barşy bilen baglanyşyklydyr we şeýle rezolýusiýany teklip etmekde bu sebitde we Gyzyl deňizde Amerikanyň harby güýçleriniň has köp bolmagy üçin esas bolup durýar diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Kermanda bolup geçen terrorçylykly waka üçin gynanç bildirdi we Russiýanyň hökümetiniň Eýran hökümetine we halkyna duýgudaşlygyny bildirdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Howpsuzlyk Geňeşinde Ýemene garşy alyp baran soňky hereketlerini sebitde has giň huzurly bolmak üçin bahana hökmünde bolýandygyny aýtmak bilen Amerikalylar krizisleriň düýp sebäplerini tapmak bilen gyzyklanmaýarlar diýdi.

Lawrow şeýle-de biz hem Eýran ýaly, sebitde parahatçylygy, Gaza zolagyndaky söweşiň bes edilmegini we Palestina döwletiniň gurulmagyny isleýäris diýdi.