Hytaý bilen Orsýet ýadro ylalaşygyny bozmak dogrusyndaky Amerikanyň hereketini ýazgardylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2418-hytaý_bilen_orsýet_ýadro_ylalaşygyny_bozmak_dogrusyndaky_amerikanyň_hereketini_ýazgardylar
Hytaý bilen Orsýetiň daşary işler ministrleri ýadro ylalaşygyny bozmak ugurdaky Amerikanyň amala aşyrýan birtaraplaýyn hereketini ýazgardylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 07, 2018 15:57 Asia/Ashgabat
  • Hytaý bilen Orsýet ýadro ylalaşygyny bozmak dogrusyndaky Amerikanyň hereketini ýazgardylar

Hytaý bilen Orsýetiň daşary işler ministrleri ýadro ylalaşygyny bozmak ugurdaky Amerikanyň amala aşyrýan birtaraplaýyn hereketini ýazgardylar.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada Hytaýly kärdeşi Wang Ýi bilen geçiren duşuşygynda ýadro ylalaşygyň ençeme ýyllap geçirlen gepleşikleriň netijesidir diýmek bilen bu ylalaşygy bozmak ugurdaky her hili hereket bu ylalaşygyň mazmunyny hemde Birleşen Milletler Guramanyň rezolýusiýasyny bozmak manysyndadyr diýip nygtady.

Hytaýyň daşary işler ministri Wng Ýi hem bu duşuşykda Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň daşary syýasatyny hemde söwda meselesi baradaky syýasatyny tankyt edip Trampyň çaklamalary mydama ýalňyş düşýändir diýip nygtap geçdi.