Kanani: Awstraliýa hökümeti Amerikanyň sebitdäki durnuksyzlaşdyryjy hereketlerini goldaýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24184-kanani_awstraliýa_hökümeti_amerikanyň_sebitdäki_durnuksyzlaşdyryjy_hereketlerini_goldaýar
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Yrakdaky we Owganystandaky Amerikan koalisiýasyna ýoldaş bolmak baradaky ajy tejribeden soň Awstraliýa ýene-de nädogry ýola gadam basdy we Amerikanyň sebitdäki durnuksyzlaşdyryjy hereketleri bilen hemra boldy diýdi.
(last modified 2024-01-16T07:02:22+00:00 )
Jan 16, 2024 12:02 Asia/Ashgabat
  • Kanani: Awstraliýa hökümeti Amerikanyň sebitdäki durnuksyzlaşdyryjy hereketlerini goldaýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Yrakdaky we Owganystandaky Amerikan koalisiýasyna ýoldaş bolmak baradaky ajy tejribeden soň Awstraliýa ýene-de nädogry ýola gadam basdy we Amerikanyň sebitdäki durnuksyzlaşdyryjy hereketleri bilen hemra boldy diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani şu gün (sişenbe) Awstraliýanyň premýer-ministri Entoni Albanise Eýrana bildirýän aýyplamalarynyň jogabynda Eýran Yslam Respublikasyna garşy aýyplamalar adalatsyz we esassyzdyr diýdi.

Awstraliýanyň premýer-ministri "Entoni Albanisi" ýakynda Eýrana garşy aýyplama bildirdi we Tähranyň sebitdäki krizislere gatnaşandygyny öňe sürdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Awstraliýa hökümetiniň Eýranyň Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ornaşdyrmakdaky möhüm ornuny we pozisiýasyny we DAEŞ terrorçylygynyň erbet we howply hadysasyna we sebitdäki ekstremist toparlara garşy netijeli göreşi barada gowy bilýändir we dünýäniň iň möhüm halkara suw ýollarynyň birinde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekdäki rolyndan habarlydyr diýdi.

Kanani, gynansak-da, sebitiň hakykatlaryny tersine  görüp we birtaraplaýyn goldaw we Gazanyň bigünä halkynyň sionist režimi tarapyndan öldürilmegini togtatmakda çynlakaýlygyň ýoklugy sebäpli şeýle hem, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Angliýanyň Ýemene garşy harby hüjüminde eden-etdilikli hereketlerini we bu ýurduň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini aç-açan bozmagy goldamak bilen, Yrakdaky we Owganystandaky Amerikan koalisiýasyna ýoldaş bolmak baradaky ajy tejribeden soň Kanberra ýene-de nädogry ädim ätdi diýip sözlerine goşdy.

Soňda Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Awstraliýanyň oýanan we adalat gözleýän jemgyýetçilik pikirine ezilen Palestina halkyny goldamagy üçin  minnetdarlyk bildirdi.