Raisi: Medeni diplomatiýa, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24188-raisi_medeni_diplomatiýa_eýran_yslam_respublikasynyň_daşary_syýasatynyň_ileri_tutulýan_ugry
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynda medeni diplomatiýa ileri tutulýar diýdi.
(last modified 2024-01-16T12:58:21+00:00 )
Jan 16, 2024 17:58 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Medeni diplomatiýa, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynda medeni diplomatiýa ileri tutulýar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi şu gün (sişenbe) Eýranyň Medeniýet ministrliginiň dürli bölümlerine baryp gördi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, bu sapar wagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýran-Yslam şahsyýetini gorap saklamaga we ösdürmäge synanyşmagy şeýle hem, Eýran-Yslam şahsyýetine abanýan howplara garşy göreşmek üçin iň oňat, iň täsirli we iň häzirki zaman gurallaryň we usullaryň ykrar edilmegini we ulanylmagyny Eýranyň Medeniýet ministrliginiň iň möhüm we esasy wezipeleriniň biri hasaplady.

"Raisi" mundan başga-da pikir we kalam azatlygy Eýran Yslam Respublikasynyň iň uly üstünlikleriniň we hormatlarynyň biridir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, goňşy, yslam we ýaran ýurtlar bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakdan başga-da, medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny diýseň möhüm diýip häsiýetlendirdi we Günbatar metbugat imperiýasy elmydama Eýran Yslam Respublikasyna bolan garaýyşlary ýoýmaga we dünýä jemgyýetçiliginde akyl düwünlerini döretmäge synanyşýar şonuň üçin Eýran Yslam Respublikasynyň medeni geňeşçileri bu tagallalary zyýansyzlandyrmak we Eýran-Yslam medeniýetiniň gymmatlyklaryny we baýlyklaryny wagyz etmek üçin bar güýjüni ulanmalydyrlar diýip sözlerine goşdy.

Raisi şeýle-de soňky 100 günde Gazadaky häzirki wakalarda, täze metbugatyň adamlaryň sionistleriň jenaýatlaryna we ABŞ-nyň we käbir Günbatar ýurtlarynyň bu jenaýatlary üçin goldawyna nägilelik bildirmek üçin köçelere çykmagyna sebäp bolandygyny gördük, Sionistler we eziji režimi bu metbugatyň dowamly täsiriniň mümkin boldugyça öňüni alyp başladylar diýdi.