Eýranyň ilkinji wise-prezidenti: Gaza dünýädäki iň uly açyk türmä öwrüldi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24206-eýranyň_ilkinji_wise_prezidenti_gaza_dünýädäki_iň_uly_açyk_türmä_öwrüldi
Eýran Yslam Respublikasynyň ilkinji wise-prezidenti Goşulmazlyk hereketi ýygnagynda Sionist režimi tarapyndan Gaza zolagynyň uzak wagtlap gabawy bu sebiti dünýäniň iň uly açyk türmesine öwürendir diýdi.
(last modified 2024-01-20T07:03:47+00:00 )
Jan 20, 2024 12:03 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň ilkinji wise-prezidenti Goşulmazlyk hereketi ýygnagynda Sionist režimi tarapyndan Gaza zolagynyň uzak wagtlap gabawy bu sebiti dünýäniň iň uly açyk türmesine öwürendir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň ilkinji wise-prezidenti "Muhammet Mohber", Goşulmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň 19-njy ýygnagyna gatnaşmak üçin Ugandanyň paýtagty Kampala howa menziline bardy.

IRNA-nyň habaryna görä, şu gün (şenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň ilkinji wise-prezidenti Muhammet Mohbar Gazadaky wakalara ünsi çekip, palestinalylaryň haýsydyr bir hereketini özlerine mahsus hukuk hasaplamak bilen Sionist režimiň we onuň günbatar tarapdarlarynyň bu kanuny göreşi terrorçylyk hereketi hökmünde tanatmak synanyşygy, kanuny esasy ýokdyr we hile we ýalandyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň ilkinji wise-prezidenti, Günorta Afrikanyň basyp alyjy sionist režimini halkara kazyýetinde halkara şikaýat etmekde görkezen batyrgaý hereketine we inisiatiwasyna ýokary baha bermek bilen Sionist režimiň bigünä adamlary öldürmekde we 24,000-den gowrak adamy köpüsi aýal-gyzlar we çagalary öldürmekde eden jenaýatlary, genosid we aç-açan şahsyýeti bolan bir millete garşy gözegçiliksiz zorlukdyr diýdi.

Muhammet Mohber Eýran Yslam Respublikasynyň, Goşulmazlyk Hereketiniň agzalarynyň sionist aparteid režimine garşy durmak üçin ähli syýasy we ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmagyny isleýändigini aýtmak bilen Gazada derrew ot açyşlygyň bes edilmegi, Gaza zolagynyň ähli sebitlerine ynsanperwer kömegini derrew ibermek, ýaşaýjylary zor bilen göçürmek syýasatynyň doly bes edilmegi we Gazanyň we beýleki basyp alnan Palestina sebitleriniň durkuny täzelemek işine derrew başlamalydygyny aýtdy.

Mohber şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we käbir beýleki ýurtlaryň birtaraplaýyn sanksiýalaryny ykdysady terrorçylygyň aýdyň mysaly hökmünde tanatmak bilen, dünýäniň garaşsyz we erkin ýurtlary güýç, zorluk we masgaraçylygy kabul etmeýärler, sebäbi birtaraplaýynlyk we esassyz syýasatlar döwri gutarandyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň ilkinji wise-prezidenti sebitiň geosyýasy ýagdaýyny goramagyň zerurdygyny we halkara serhetleriniň islendik üýtgemegine garşydygyny aýtmak bilen, sebit ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryny, şol sanda transport ýollaryny tamamlamak we ösdürmek arkaly ileri tutmagy isledi we Eýranyň sebitdäki ähli ýurtlaryň durnukly ykdysady bähbitlerini durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyga doly taýýardygyny mälim etdi.