Raisi: Sionist režimiň jenaýatlary jogapsyz galmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24214-raisi_sionist_režimiň_jenaýatlary_jogapsyz_galmaz
Yslam Eýranyň bäş sany meşhur harby geňeşçisi öldürilenden soň, Eýran Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ebrahim Raeesi şeýle diýdi: "Yslam respublikasy sionist režimiň jenaýatlaryny jogapsyz galdyrmaz.
(last modified 2024-01-21T01:05:48+00:00 )
Jan 21, 2024 06:05 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Sionist režimiň jenaýatlary jogapsyz galmaz

Yslam Eýranyň bäş sany meşhur harby geňeşçisi öldürilenden soň, Eýran Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ebrahim Raeesi şeýle diýdi: "Yslam respublikasy sionist režimiň jenaýatlaryny jogapsyz galdyrmaz.

1402-nji ýylyň 30-njy deý-i şenbe güni bolan howa hüjüminde basyp alyjy Sionist režimiň söweşijileri tarapyndan birnäçe Siriýa güýçleri we Eýran Yslam Respublikasynyň bäş harby geňeşçisi şehit boldylar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Seýid Ebrahim Raisi şenbe güni agşam sionist režimi tarapyndan Eýranyň tanymal geňeşçileriniň bäşisiniň terror edilmegi üçin gynanç hatynda şeýle diýdi: Şübhesiz, bu jenaýatlar bikanun sionist  režimiň erbet maksatlaryna ýetip bilmeýänligini we şowsuzlygyny mälim etýär, şeýle-de Çydam frontunyň söweşijileriniň öňünde umytsyzlygyň we ejizligiň çuňlugyny görkezýär emma  şeýle terrorçylyk we jenaýatçylykly hereketleriň dowamy jogapsyz galmaz.