Amir Abdollahian: Sionist regimi Gazadaky maksatlaryna ýetmedi
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Kuweýt-Eýran parlament dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygynda Gazadaky maksatlarynyň hiç birine ýetmedik sionist režimi, kör terrorçylyk hereketlerine ýüz tutup, şowsuzlygynyň öwezini dolmaga synanyşýar diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, parlament delegasiýasynyň başynda Eýrana gelen Kuweýt bilen Eýranyň arasyndaky parlament dostluk toparynyň başlygy Mazrouk Al-Jabini ýekşnbe güni Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian bilen duşuşyp, sebit meselelerini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.
Amir Abdollahian bu duşuşykda iki ýurduň parlamentleri tarapyndan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutmagyň möhümdigini aýtdy.
Ol şeýle-de Kuweýt mejlisiniň we hökümetiniň ezilen Palestina halkyny goldamakdaky ornuny we roluny wasp edip, Gazadaky häzirki özgerişlere we wakalara baha berdi we Sionist režimiň Palestinanyň aýal-gyzlaryny, çagalaryny we goragsyz halkyny öldürmekdäki jenaýat işleriniň dowam etdirilmegine yşarat edip, Sionist duşman Gazany giň gerimde ýok edip, on müňlerçe adamy şehit eden hem bolsa, hiç bir maksadyna ýetmedi, şonuň üçin kör terrorçylyk hereketlerine ýüz tutup, ýeňlişiniň öwezini dolmaga synanyşýar diýdi.
Kuweýt bilen Eýranyň arasyndaky parlament dostluk toparynyň başlygy Mazrouq Al-Jabini hem bu duşuşykda iki ýurduň arasynda parlament we halk gatnaşyklarynyň giňelmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dowam etmegi we giňelmegi üçin iň güýçli esas bolup durýar, şonuň üçin ilkinji nobatda Eýranyň Yslam Geňeşi bilen parlamentiň dostlukly gatnaşyklaryny giňeltmek boldy diýdi.
Ol şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi Kuweýt hökümeti üçin möhüm we ileri tutulýan ugur hasaplamak bilen musulman we arap ýurt hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň halkyň hukuklaryny goramakda we Palestina meselesini goldamakda prinsipial pozisiýalaryna hormat goýýarys diýip sözlerine goşdy.