Kanani: Eýranyň Erbildäki hereketi Yragyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine garşy däldir
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tähranyň Yragyň howpsuzlygyna we bu ýurduň hökümetine goldaw berjekdiginiň subut edilendigini aýtmak bilen Eýran, Yragyň howpsuzlygyny, özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini iň uly goraýjy we bu ýurduň agzybirliginiň we territorial bitewiliginiň tarapdarydyr diýdi.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani" duşenbe güni žurnalistler bilen hepdelik duşuşygynda Gazadaky sionistleriň jenaýatlaryny ýazgarmak bilen şu gün, Sionist režimeimiň ezilen Palestina halkyna we Gazanyň bigünä we goragsyz raýatlaryna garşy alyp barýan söweş jenaýatlarynyň 108-nji gününi geçýäris diýdi.
Kanani şeýle-de Eýranyň Mossadyň Erbildäki baş edarasyna raketa hüjümine ünsi çekip, Eýranyň Mossad terror guramasynyň baş edarasyna garşy alyp baran hereketi, Yragyň territorial özygtyýarlylygyna hüjüm däl-de, Eýranyň howpsuzlygyna garşy hüjüm edýänleri jezalandyrmaga gönükdirilendir diýdi.
Kanani, Yragyň Kürdüstan sebitinde bu sebiti bilen gowy gatnaşyklara we hyzmatdaşlyga garamazdan, gynansak-da, ençeme ýyl bäri bu geografiýadan Eýran raýatlarynyň milli howpsuzlygyna gönüden-göni howp abanýandygyny aýtdy. Eýran milli howpsuzlygyna we raýatlaryna biperwaý garap bilmez. Milli howpsuzlyk, serhet howpsuzlygy we Eýran raýatlarynyň howpsuzlygy gyzyl çyzykdyr we Eýranyň hökümeti we ýaragly güýçleri howpsuzlygy üpjün etmek we raýatlarynyň howpsuzlygyny goramak meselesine biperwaý garamazlar we olar hemişe hereket etdiler diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň Yragyň howpsuzlygyny, özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini iň uly goraýjydygyny we bu ýurduň agzybirliginiň we territorial bitewiliginiň tarapdarydygyny aýtmak bilen Tähranyň Yragyň howpsuzlygyna we Yrak hökümetine we raýatlaryna goldaw bermegi, şeýle hem Yragyň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine we agzybirligine goldaw bermegi subut edilen borçnamadyr diýdi.
Kanani şeýle-de soňky wakalardan soň Eýran-Pakistan gatnaşyklary barada-da durup geçdi: Eýran bilen Päkistanyň arasyndaky gatnaşyklar berk gatnaşykdyr, Eýranyň ýaragly güýçlerine garşy köp sanly jenaýat ýazgysy bolan terrorçy topara garşy çäre Eýran raýatlarynyň howpsuzlygyny goramagyň çäginde geçirildi diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň berk, dostlukly we doganlykdygyny aýtmak bilen iki ýurt birek-biregiň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini nygtaýandyklaryny mälim etdi.
Kanani mundan başga-da Günorta Afrika hökümetiniň sionist režimi Halkara Adalat Kazyýetinde suda bermek baradaky jogapkärli, abraýly, batyrgaý we ynsanperwer hereketini goldamak bilen Eýran şunuň bilen baglylykda, Günorta Afrika hökümetine syýasy garaýyşlaryny mälim etdi diýip sözlerine goşdy.