Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Sionist režimi saklap duran serişdeleriň kesilmegini nygtadylar
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Yslam ýurtlary Sionist režimi saklap duran serişdeleri kesip , sionist režimi bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny togtad,alydyrlar diýdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý sişenbe güni Tähranda 24,000 şehidiň kongresine gatnaşyjylary bilen geçirilen ýygnakda Yslam ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň Gazanyň möhüm meselesi bilen baglanyşykly hereketlerini tankytlap käwagt yslam ýurtlarynyň resmileriniň pozisiýalary we beýanatlary ýalňyş, sebäbi Gazadaky ýaraşyk barada gürrüň etýärler emma ot açyşlygy bes etmek ýaly mesele ýaramaz sionist duşmanyň ygtyýaryndadyr diiýp beýan etdiler.
Aýatolla Hameneý sözüniň dowamynda Yslam ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň nädogry hereketlerine we ähli kynçylyklara garamazdan,Gurhanda aýdylyşy ýaly Hudaý ymanly adamlar bilendir we Hudaý kimiň ýarany bolsa-da ýeňiş şonuň bilendir diýip nygtap geçdiler.