Amir Abdollahian: Ýemen goşunynyň gämileri duruzmakdan maksady Ysraýyl genosidini bes etmekdir
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygynda Ýemen goşunynyň basyp alnan ýerlere barýan gämileri duruzmakdan maksady Sionist režimiň Gazanyň raýatlaryna garşy edýän jenaýatyny we genosidini duruzmakdyr diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian sişenbe güni gije Nýu-Yorkorkda BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş bilen geçirilen söhbetdeşlikde Ýemeniň Milli halas ediş hökümeti deňiz howpsuzlygynyň möhümdigini we diňe Sionist režiminiň gämilerini duruzýandygyny birnäçe gezek aýtdy diýdi.
Ol şeýle-de Gyzyl deňzinde bolup geçen soňky wakalar barada durup geçmek bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň ýük daşamak we nawigasiýa howpsuzlygyny goramak ugrundaky ýörelgesini ýene bir gezek nygtamak bilen Amerika we Angliýa Ýemene hüjüm edip strategiki ýalňyşlyk goýberdiler; Bu ýalňyşlyk, sebitdäki dartgynlygyň we konfliktleriň giňelmegine sebäp bolýan ýalňyşlykdyr diýip beýan etdi.
Amir Abdullahian, BMG-nyň Baş sekretarynyň Gazanyň bigünä we goragsyz adamlarynyň öldürilmegini bes etmegiň zerurlygy baradaky tagallalaryna we pozisiýalaryna ýokary baha bermek bilen, Sionist režimiň palestinalylara garşy hüjümlerini derrew bes etmegiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtady.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary "Antonio Guterreş" hem Gazadaky söweşi ýazgardy we söweşi bes etmegiň we Gaza ynsanperwer kömegini ibermegiň zerurdygyny aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, Palestinanyň garaşsyz döwletini döretmegiň zerurdygyny we palestinalylar tarapyndan öz ykballaryny kesgitlemek hukugynyň bardygyny aýtmak bilen ýöne gynansagam, ýaraşyk bolmazdan Gazanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermegiň mümkin däldigini aýtdy.
Guterreş şeýle hem, Gyzyl deňzinde bolup geçen soňky wakalara ünsi çekdi we sebitdäki konfliktleriň ýaýramagyndan alada bildirdi we Birleşen Milletler Guramasynyň urşy duruzmak we sebitiň halkynyň çekýän azaplaryny azaltmak ugrundaky tagallalaryna garady.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bu duşuşykda şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde möhüm rol oýnaýandygyny aýtdy.