Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy: Sionist režgim Gazada şowsuzlyga uçrady
Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy: Sionist režim Gaza zolagynda şowsuzlyga uçrady we hiç bir maksadyna ýetmedi diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Tähranyň juma ymamy Hojjatul-Islam wal-Muslimeen Muhammet Jawad Haj Ali Akbari, Tähranyň juma namazynda Gaza zolagynda bolup geçýän wakalar barada gürrüň gozgap Al-Aqsa tupan operasiýasy başlanaly bäri (110 günden soň) ähli habarlarda sionist režimiň we onuň tarapdarlarynyň ýeňilmegi we Mujahitleriň we Palestina we Gazanyň ezilen halkynyň ýeňşi barada aýdylýar diýdi.
Tähranyň juma ymamy Sionist režimiň Gazadaky maksatlarynyň hiç birine ýetmändigini agzap Palestina halky berk durup, sionist režime agyr ýitgiler we zyýanlar ýetirip bilendiklerini aýtdy.
Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy şeýle-de şu gün Tähranyň juma namazynyň wagyzlarynyň başga bir bölüminde Eýranda geçiriljek saýlawlara (Yslam Şura Mejlisi we ýolbaşçylygyň hünärmenleriň saýlawlary) ünsi çekmek bilen Eýranyň halky giň gatnaşmak bilen duşmanlaryň ähli dildüwşükleriniň öňüni alar, sebäbi saýlawlara gatnaşmak yslam we milli borjdyr diýip beýan etdi.
Haj Ali Akbari, duşmanlaryň Eýranda geçiriljek saýlawlary sorag astyna almak synanyşygyna yşarat edip Yslam respublikasyndaky saýlawlar dünýädäki iň sagdyn saýlawlaryň biridir sebäbi saýlawlar halka esaslanýar diýdi.