Amir Abdollahian: Eýran bilen Pakistanyň arasynda terrorçylyga garşy hyzmatdaşlyk giňelýär
Eýranyň daşary işler ministri Tähran bilen Yslamabadyň arasynda terrorçylyga garşy hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky şertnamany yglan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian duşenbe güni Pakistana eden sapary wagtynda bu ýurdyň Daşary işler ministri, goşun serkerdesi we premýer-ministr bilen duşuşdy.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň daşary işler ministri duşenbe güni agşam Yslamabatdan Tährana gitmezden ozal habarçylar bilen geçiren duşuşygynda Bu saparyň dowamynda Pakistanyň ýokary derejeli resmileri bilen örän möhüm we döredijilikli duşuşyklar geçirildi we ykdysady, söwda, syýahatçylyk, energiýa we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has çalt depginde dowam etdirmek barada ylalaşyldy diýdi.
Amir Abdollahian sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy we Päkistan hökümeti meýilnama laýyklykda iki goňşynyň arasynda bar bolan serhet geçelgelerine bäş sany täze serhet geçelgesiniň goşuljakdygy barada ylalaşdylar diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri iki ýurduň howpsuz serhetleriniň söwda, ykdysady we syýahatçylyk serhetlerine öwrülmelidigini aýtdy, sebäbi Eýran Yslam Respublikasy we Päkistan iki ýurduň serhetleriniň terrorçylyk we terrorçylyk hereketleri mekany däldigine ynanýarlar diýdi.
Amir Abdollahian gynansak-da, duşmanlaryň sebitde terrorçy toparlary işjeň saklamaga synanyşýandygyny we Amerikanyň we Ysraýyl režiminiň howpsuzlyk gullugy sebitdäki howpy dowam etdirmegi maksat edinýän terrorçy toparlar bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
Eýranyň daşary işler ministri Pakistanyň häkimiýetleri bilen baglaşylan şertnamalaryň çäginde iki ýurduň terrorçylyga garşy hyzmatdaşlygy giňeler diýip umyt bildirdi we Senagat, ylmy, söwda we energiýa hyzmatdaşlygy ugurlarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hasam ösdürilmelidigini aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministriniň Pakistana eden sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklardaky soňky wakalardan (Eýranyň Pakistanyň içindäki terrorçy elementleriň merkezine eden hüjümi, soň bolsa terrorçy toparyň elementlerini ýok etmek bahana bilen Pakistanyň Eýranyň serhet nokadyna eden hüjüminden) soň ýerine ýetdi.