Eýranyň wekiliýeti: Eýrana garşy hüjüme berk gaýtawul beriler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24288-eýranyň_wekiliýeti_eýrana_garşy_hüjüme_berk_gaýtawul_beriler
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili ABŞ-nyň soňky 2 günde Eýrana köp sanly habar iberendigi baradaky habary ret etdi we Eýranyň çägine, bähbitlerine ýa-da serhetden daşardaky raýatlaryna edilen islendik hüjüme aýgytly jogap berjekdigini aýtdy.
(last modified 2024-01-31T01:39:21+00:00 )
Jan 31, 2024 06:39 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň wekiliýeti: Eýrana garşy hüjüme berk gaýtawul beriler

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili ABŞ-nyň soňky 2 günde Eýrana köp sanly habar iberendigi baradaky habary ret etdi we Eýranyň çägine, bähbitlerine ýa-da serhetden daşardaky raýatlaryna edilen islendik hüjüme aýgytly jogap berjekdigini aýtdy.

Käbir habar beriş serişdeleri Soňky iki günde Waşington araçyllaryň üsti bilen Tährana giň gerimli söweş islemeýändigini habar berdi we urşuň giňelmeginiň ABŞ-nyň hereketleri bilen bilelikde boljakdygyny duýdurdy, Muňa jogap hökmünde Eýran hüjüm barada duýduryş berdi we oňa berk gaýtawul beriljekdigini yglan etdi.

Bu aralykda Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irwani duşenbe güni Howpsuzlyk Geňeşiniň prezidentine ýazan hatynda Eýran Yslam Respublikasy sebitdäki haýsydyr bir adamyň ýa-da toparyň hereketleri üçin jogapkärçilik çekmeýär diýdi.