Huseýin Amir Abdollahian: Eýran Şri-Lanka bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyr
Eýranyň Daşary işler ministri Şri-Lankanyň prezidenti bilen bolan duşuşygynda Eýranyň bilelikdäki ykdysady komissiýa döretmek baradaky şertnama salgylanyp, Şri-Lanka bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.
Çarşenbe güni IRNA-yň hasabatyna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Şri-Lankanyň prezidenti Ranil Wiker Masinghe bilen şu ýurduň paýtagty Kolombo şäherinde duşuşyp, Eýranyň ykdysady we senagat pudaklarynyň şol sanda Energetika ministrligi, Şri-Lanka bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtmak bilen, "Ranil Wiker Mesinge" -niň goldawy, iki ýurduň arasyndaky Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň şertnamalaryny ýerine ýetirmek üçin örän täsirli boldy diýip yglan etdi.
Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy Şri-Lankanyň Gaza zolagynda we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky palestinalylar baradaky pozisiýasyna ýokary baha bermek bilen esasy ileri tutulýan zat, Gazadaky sionist režimiň söweşlerini we jenaýatlaryny duruzmak we Palestina halkynyň hukuklaryny durmuşa geçirmekdir diýdi.
"Huseýin Amir Abdollahian" şeýle-de halkara suwlarynda nawigasiýanyň howpsuzlygyny hem nygtady.
Şri-Lanka Respublikasynyň Prezidenti, bu duşuşykda Yslam Respublikasynyň ösüşi, uly üstünlikleri we strategiki pozisiýasy barada durup geçip, Eýrany Merkezi Aziýanyň derwezesi hasaplady we Eýran bilen ykdysady gatnaşyklaryň artmagyna ünsi çekdi.