Kanani Pars aýlagy Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Eýranyň adalary baradaky esassyz beýannamasyny ret etdi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşiniň Eýranyň üç adasy baradaky soňky sözüni ret etdi we bu geňeşiň Eýranyň adalary barada düşündiriş bermek mümkinçiliginiň ýokdugyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi duşenbe güni Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşiniň Bumosi, uly Tunb we kiçi Tunb adalary baradaky ýakynda Eýrana garşy eden beýanyna jogap hökmünde žurnalistler bilen hepdelik ýygnakda üç ada Eýranyň çäginiň aýrylmaz we ebedi bölegidir we bu beýannamalarda beýle talaplaryň kanuny ähmiýeti ýokdygyny aýtdy.
Kanani Çafi şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň halkara hukugynyň kabul edilen ýörelgelerine we kadalaryna esaslanyp üç adanyň üstünde özygtyýarlylygyny birnäçe gezek yglan edendigini aýtmak bilen sebitdäki, esasanam Palestindäki wakalary we söweş jenaýatlarynyň, genosidiň we Gaza zolagynda palestinalylaryň rehimsizlik bilen öldürilmeginiň dowam etdirilmegini göz öňünde tutsak, Pars aýlagy Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň mejlislerinde jedelli meseleleri we esassyz talaplary öňe sürmek gynandyryjydyr diýip nytady.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşiniň birtaraplaýyn sözlerini konstruktiw däl diýip häsiýetlendirmek bilen oňyn we interaktiw atmosferada goňşular, sebit gatnaşyklaryny ösdürmek üçin esas döretmelidirler diýip beýan etdi.
Eýranyň diplomatik ulgamynyň metbugat sekretary, Pars aýlagynyň käbir ýurtlarynyň Araş gaz ýatagyny ulanmak hukugy babatynda öňe süren täze talaplary barada-da gürrüň gozgap bir taraplaýyn talap bildirmek talap ediji üçin hiç hili hukuk döredip bilmez we Tähran Kuweýtiň häkimiýetleri bilen tehniki we hukuk gepleşikleriniň dowam etdirilmegini nygtady diýip aýtdy.