Amir Abdollahian: Sionist režimi Palestina milletiniň taryhyny we şahsyýetini ýok etmäge synanyşýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24488-amir_abdollahian_sionist_režimi_palestina_milletiniň_taryhyny_we_şahsyýetini_ýok_etmäge_synanyşýar
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Sionist režimiň alyp barýan howply hereketi, basyp alnan ýerlerde Palestiniň taryhyny we şahsyýetini ýok etmekdir diýdi.
(last modified 2024-03-06T04:48:52+00:00 )
Mar 06, 2024 09:48 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Sionist režimi Palestina milletiniň taryhyny we şahsyýetini ýok etmäge synanyşýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Sionist režimiň alyp barýan howply hereketi, basyp alnan ýerlerde Palestiniň taryhyny we şahsyýetini ýok etmekdir diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Huseýin Amir Abdollahian sişenbe güni gije Jiddede Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýygnagynyň çäginde we žurnalistleriň arasynda beren gürrüňlerinde Yslam ýurtlaryna aç-açan haýyşymyz, Sionist režimi bilen diplomatik gatnaşyklaryň gysga wagtda kesilmegi, haryt iberilmegini bes etmegi we Yslam döwletleriniň derejesinde bu režimden haryt satyn almagyny bes etmegidir diýip beýan etdi.

Ol şeýle-de Yslam ýurtlarynyň Gazany goldaýan pozisiýalaryny beýan etmekde düýpli pikir tapawudynyň ýokdugyny, emma Palestinanyň şu gün özüni goldamak üçin zerur zady syýasy beýanatlar bilen kanagatlanmaly däldigini aýtdy.

Amir Abdollahian sözüniň dowamynda Amerikalylar şu gün ynsanperwer kömegi barada gürleşýärler, bu hereketler ikiýüzlidir, sebäbi Amerika bu söweşde Ysraýylyň tarapynda boldy, has dogrusy, urşy dolandyrmak Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň jogapkärçiligidir diýdi.

Ol şeýle-de Sionist regimiň Gaagada söweş jenaýatçysy hökmünde jezalanmalydygyny aýtdy.

Günbataryň goldawy we Al-Aqsa tupan operasiýasynyň şowsuzlygynyň öwezini dolmak üçin Sionist režimi Gazada köpçülikleýin gyrgynçylyk etdi. Bu režim Gaza zolagyndaky ähli geçelgeleri ýapdy we bu sebiti bombalap durandyr.

Habarlara görä, 30,000-den gowrak palestinaly şehit bolup, 70,000 adam ýaralanypdyr.