Eýranyň prezidentiniň Pakistanyň täze prezidentine gutlag haty
(last modified Sun, 10 Mar 2024 15:51:49 GMT )
Mar 10, 2024 20:51 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidentiniň Pakistanyň täze prezidentine gutlag haty

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Asif Ali Zardari" -niň Pakistanyň täze prezidenti hökmünde saýlanmagyny gutlady.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Asif Ali Zardariniň dostlukly we doganlyk ýurdy bolýan Pakistanyň prezidenti hökmünde saýlanmagyny gutlaýan hatynda prezidentlik döwründe taryhy, medeni we dini geçmişi bolan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ösdürilmeli we çuňlaşdyrylmaly diýip umyt etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň hemişe bolşy ýaly we esasanam täze döwürde Pakistan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Halk partiýasynyň lideri we mejlis agzalary tarapyndan prezidentlige saýlanan Pakistanyň dolandyryjy fraksiýasynyň bilelikdäki kandidaty Asif Ali Zardari ýekşenbe güni kasam kabul etdi.

"Asif Ali Zardari" Pakistanda ikinji gezek prezidentlige girişen ilkinji raýat syýasy işgäridir.

68 ýaşly Zardari (Pakistanyň öňki premýer-ministri Binazir Bhuttonyň äri we öňki Daşary işler ministri Bilawal Bhutto Zardariniň kakasy) 2008-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli Pakistanyň 11-nji prezidenti bolup işledi.

Tags