Irwani: Eýran musulmanlara garşy edilýän zorlugy ýazgarýar
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irwani Eýran Yslam Respublikasy ýigrenji, kemsidiji sözleri, terrorçylykly hüjümleri we musulmanlara garşy zorlugy we musulmanlaryň ynançlaryna, ýörelgelerine we mukaddes zatlaryna garşy bihormatçylygy berk ýazgarýar diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irwani anna güni Yslamofobiýa garşy Bütindünýä güni ýygnakda eden çykyşynda yslamçylyga garşy kampaniýalar ulgamynyň, şol sanda metbugat we sosial media platformalarynyň üsti bilen ýaýbaňlandyrylmagyna çynlakaý alada bildirmek bilen, Eýran Yslam Respublikasy ýigrenji, kemsidiji sözleri, terrorçylykly hüjümleri we musulmanlara garşy zorlugy we musulmanlaryň ynançlaryna, ýörelgelerine we mukaddes zatlaryna garşy bihormatçylygy berk ýazgarýar diýdi.
Amir Said Irwani sözini dowam etdirip, şeýle hereketler we syýasatlar nirede bolsa-da, dünýäniň islendik ýerinde ýaşaýan musulmanlara, esasanam daşary ýurt basybalyjylygy ýa-da azlyk ýaly ejiz ýagdaýlarda ýaşaýan musulmanlara zyýanly täsir eder diýdi.
Irwani şeýle-de bu meselede dünýä basyp alyjylaryň palestinalylara garşy gündelik agressiýalara şaýatlyk edýär we Ysraýyl, ýaranlarynyň hyzmatdaşlygy bilen basyp alyjy režim hökmünde ähli jenaýatlaryny we aparteid hereketlerini aklamak üçin Yslam bilen Terrorçylygyň arasynda göni baglanyşyk gurmak arkaly umytsyz synanyşyk edýär diýdi.
Ol sözüni dowam etdirip, Yslam diňe bir bigünä parahat ilatyň öldürilmegini gadagan etmeýär, eýsem has dogrusy terrorism we terrorçylyga alyp barýan zorlukly ekstremizm haýsydyr bir din, millet, siwilizasiýa ýa-da etnik topar bilen baglanyşykly bolup bilmez we bolmaly däldir diýip beýan etdi.
Irwani soňda Eýran Yslam Respublikasynyň,76 /254 rezolýusiýany goldaýanlaryň biri hökmünde yslamofobiýa we dini ekstremizme garşy göreş tagallalaryny dowam etdirmegi ýüregine düwendigini aýtdy.