Hazali: Ykdysady terrorçylyk eýranlylaryň durmuşyny nyşana alandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24564-hazali_ykdysady_terrorçylyk_eýranlylaryň_durmuşyny_nyşana_alandyr
Eýranyň aýallar we maşgala meseleleri boýunça wise-prezidenti Ansieh Hazali ykdysady terrorçylyk we birtaraplaýyn, bikanun we zor bilen girizilen sanksiýalar meniň halkymyň durmuşyna we saglygyna täsir edendir diýdi.
(last modified 2024-03-16T05:01:07+00:00 )
Mar 16, 2024 10:01 Asia/Ashgabat
  • Hazali: Ykdysady terrorçylyk eýranlylaryň durmuşyny nyşana alandyr

Eýranyň aýallar we maşgala meseleleri boýunça wise-prezidenti Ansieh Hazali ykdysady terrorçylyk we birtaraplaýyn, bikanun we zor bilen girizilen sanksiýalar meniň halkymyň durmuşyna we saglygyna täsir edendir diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, "Ansieh Khazali" anna güni "Jyns taýdan deňlige ýetmek we aýal-gyzlara kuwwat bermek üçin sosial üpjünçilik ulgamlary, jemgyýetçilik hyzmatlaryna we durnukly infrastruktura elýeterliligi" ady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aýallaryň ýagdaýy baradaky komissiýasynyň 68-nji mejlisiniň interaktiw gepleşikleriniň mejlisinde milli çemeleşmämiz, şahsy we köpçülikleýin durmuşyň ähli ugurlarynda aýallaryň ornuny we ösüşini ösdürmek we gowulaşdyrmakdyr; ýöne ykdysady terrorçylyk eýranlylaryň durmuşyny nyşana alandyr diýdi.

Şeýle hem Hazali  sözüniň dowamynda aýallar beýlekilerden has köp ejir çekdiler we ykdysady maýa goýumlarynyň we hünär işleriniň köpüsi, esasanam zenan telekeçiler we öý baştutanlary köp kynçylyklara sezewar boldylar diýdi.

Şeýle-de bolsa, eýranly aýallar synanyşmagy bes etmeýärler we bu kynçylyklardan ýurdumyň ösüşi üçin mümkinçilikler döredip bildiler diýip Hazali sözlerine goşdy.

Soňky ýyllarda Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylary ABŞ-nyň birtaraplaýyn we bikanun sanksiýalarynyň eýran halkynyň durmuşyna ýetirýän täsiri barada birnäçe gezek duýduryş berdiler we bu sanksiýalaryň dürli ugurlardaky adamlaryň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirendigini bellediler.