Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň mätäç tussaglary boşatmagy üçin maliýe kömegi
Mar 17, 2024 11:03 Asia/Ashgabat
Yslam rewolýusiýasynyň baş lideri mätäç tussaglaryň boşadylmagyna kömek etmek üçin iki milliard Tümen hasladylar.
Ýokary lideriň edarasynyň maglumat merkeziniň habaryna görä, mätäç tussaglaryň boşadylmagyna kömek etmek üçin niýetlenen Diýeh ştadynyň 37-nji Gülrizan festiwalynyň öňüsyrasynda, Yslam rewolýusiýasynyň baş lideri Aýatolla Hameneýi bu takwa işe iki milliard tümen ýöriteleşdirdiler.
Gülrizan festiwaly her ýyl mukaddes Remezan aýynda, halk edarasynyň pul meselelerini çözmek we mätäç tussaglara kömek etmek maksady bilen, Tähranda we Eýranyň dürli şäherlerinde bir topar işgär we haýyr-sahawat guramasynyň gatnaşmagynda geçirilýär.