Kanani: Ysraýyl geljegi baky ýitirendir
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Sionist režimi diňe bir Gaza zolagyndaky söweşi däl, eýsem geljegi hem hemişelik ýitirdi diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani" duşenbe güni X sosýal ulanyjy hasabynda Sionist režimiň pensiýa çykan brigada generaly "Yshak Brik" -iň Ysraýylyň Hamas bilen söweşde ýeňildi we dünýädäki ýaranlaryny hem ýitirdi diýen aýdanlaryna salgylanyp, Sionist režimi diňe bir Gaza zolagyndaky söweşde ýeňilmän, eýsem geljegi hem baky ýitirdi diýdi.
Kanani şeýle-de Sionist režimi we onuň tarapdarlary, Palestina Yslam Garşylyk Hereketine (Hamas) garşy däl-de, eýsem Palestina diýilýän taryhy, özboluşly we kökli bir halka garşy durýandyklaryny bilýärler we şübhesiz, gelejek şol Palestina degişlidir we baky utanç we abraýsyzlyk Ysraýyl režimine boljakdyr diýip nygtady.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Sionist režimiň dünýä jemgyýetçiliginde ornunyň ýokdygyna yşarat edip, bu galp režim, Gaza zolagynda bäş aýdan gowrak wagtyň içinde 22,000 aýal we çagany goşmak bilen 31,000 adamy öldürdi, emma her bir palestinaly adamy öldürmek bilen Palestina meselesi has janlandy we dünýädäki we jemgyýetçilik pikirindäki ornuny öňküsinden has köp ýokarlandy diýdi.
Sionist goşunyň pensiýa çykan brigada generaly "Yshak Brik" "Maariw" gazetinde çap eden makalasynda "halka uzak wagtlap ýalan sözläp bilmersiňiz. Dünýädäki ýaranlarymyzy ýitirenimiz ýaly Hamas bilen söweşde ýeňildik. Hamasy doly ýok etmek maksady meýilnamalarymyzyň sanawyndan aýryldy we tussaglary-da yzyna almadyk" diýdi.