Raisi: 1403-nji ýyl önümçiligiň artan ýyly bolar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti täze ýyly gutlap, ony mukaddes Remezan aýy bilen utgaşdyryp 1403 önümçiligiň artjak ýyly boljakdygyny aýtdy.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, Şemsi Täze ýylynyň (1403) başlamagy mynasybetli telewideniýede eden çykyşynda geçen ýylyň dürli ugurlarynda bolup geçen wakalary sanap geçmek bilen 1402-nji ýyl möhüm wakalar bilen başagaýlyklardan doly boldy; süýji we ajy wakalar boldy, ýöne geçen ýylky wakalaryň netijesi Eýranyň ähli pudaklarda ösüşi boldy diýdi.
Raisi sözüniň dowamynda ýurtda yzly-yzyna üç ýyl 4% -den ýokary ösüş başdan geçirildi, bu bir ýagdaýdadyr welin 90-njy ýyllarda ortaça ykdysady ösüş 1% -denem pesdi diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Raisi şeýle-de halkyň goldawy bilen 1403-nji ýyl önümçiligiň we ykdysadyýetiň gülläp ösmeginiň, inflýasiýanyň derejesiniň hasam peselmeginiň we eýranlylara giň hyzmatlaryň ýylydygyny aýtdy.
Raisi duşmanyň Yslam Eýrana zarba urmak synanyşygyna ünsi çekip, halkyň we resmileriň agzybirligini, duýgudaşlygyny we hyzmatdaşlygyny Yslam Eýranyň duşmanlarynyň şowsuzlygynyň sebäbi hasaplady we dürli ugurlarda we sahnalarda adamlaryň manyly huzurly bolmagy duşmanlary gynandyrdy diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, sebitdäki wakalar we Gazadaky söweşe salgylanyp, Sionist režimiň jenaýatlaryny ýazgardy we palestinalylaryň sionist duşmanyna garşy çykyşlaryny öwdi we şeýle diýdi: Dünýäni ezýänler, Gazada iki million adamy öldürmek üçin sionistlere iň döwrebap bombalardan başlap, milliardlarça dollara çenli pul berdiler, ýöne şowsuz boldylar.
Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Yslam ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, mukaddes Remezan aýynda mukaddes Kudsda we Al-Aqsa metjidinde sionist režimiň haýsydyr bir agressiw hereketleri barada duýduryş berdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi bu ýüzlenmesinde galp Ysraýyl režiminiň howply maksatlaryndan biri, Palestina durmuşynyň we şahsyýetiniň yzlaryny ýok etmek, sosial we raýat çökmegi üçin şertler döretmek we Gaza zolagynyň we Günbatar Şeriýanyň ýaşaýjylaryny goňşy ýurtlara zor bilen göçürmekdyr diýdi.
Raisi şeýle-de Sionist režimi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň gatnaşmagy bilen Palestina milletini we şahsyýetini doly ýok etmek syýasatyny bilkastlaýyn alyp barýar diýdi.