Amir Abdollahian: Netanýahu ýoluň ahyryna ýetendir
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri, Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy bölüminiň başlygy bilen söhbetdeşlikde Sionist režimiň premýer-ministri "Benýamin Netaýahunyň" ýoluň ahyryna ýetendigini aýtdy.
Eýranyň tele-Radiosynyň habar gullugynyň habaryna görä, düýn (penşenbe güni agşam) Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy bölüminiň başlygy Ysmaýyl Haniýe bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Netanýahunyň ýoluň ahyryna ýetendigi we diňe ornunda galmak üçin göreşýändigi dünýä üçin düşnüklidir diýdi.
"Huseýin Amir Abdollahian" şeýle-de Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideriniň belleýşi ýaly, Palestina halkynyň pozisiýasy we garşylygy sebäpli Ysraýyl režimi Gaza söweşiniň batgasyna düşendir.
Daşary işler ministri Haniýe, Eýran Yslam Respublikasynyň soňky geňeşmeleri we diplomatik hereketleri, şol sanda Palestina baradaky halkara ýygnaklara işjeň gatnaşmak barada habar berdi.
Şol bir wagtyň özünde Amir Abdollahian BMG Howpsuzlyk Geňeşini çynlakaý tankytlamak bilen Gazada we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky öýsüz-öwzarsyz adamlaryň, aýallaryň we çagalaryň öldürilmegini duruzmak we Gazanyň ähli sebitlerinde ýaşaýjylaryna haýal etmän halkara ynsanperwer kömegini ibermek üçin jogapkär halkara guramalarynyň gyssagly çäre görmelidigini aýtdy.
Bu telefon söhbetdeşliginde Hamas hereketiniň syýasy bölüminiň başlygy Ysmaýyl Haniýe, Ýolbaşçya we Eýranyň prezidentine mähirli salamlary bermek bilen şeýle hem, Eýran hökümetini we halkyny täze ýyl we mukaddes Remezan aýy bilen gutlamak bilen Gazadaky soňky syýasy we meýdan wakalaryny açyklap aýtdy.
Hamas hereketiniň syýasy bölüminiň başlygy, çydam söweşijileriň Sionist režiminiň söweş we öldüriji maşynyna garşy durmakdaky ruhuny we güýjüni nygtamak bilen, we esasanam Gaza zolagynyň demirgazygyndaky gumanitar ýagdaýy dartgynlykly diýip häsiýetlendirmek bilen halkara jemgyýetçiliginiň Gazanyň ýaşaýjylaryna ynsanperwer kömegini ibermekde we bu režimiň Gazanyň ýaşaýjylaryna, esasanam çagalara garşy açlyk syýasatyna garşy durmak üçin gyssagly çäre görmelidigini aýtdy