Eýran Amerikanyň goşa syýasatyny tankyt etdi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary amerikanyň döwlet işgärleriniň ikiýüzli hereketlerine salgylanyp Eýranlylar öz dostlaryny we duşmanlaryny gowy tanaýarlar we bu ýalan we gülkünç görkezişleriň erbet niýetlerinden habarlydyrlar diýip yglan etdi.
Amerika 1403-nji (HŞ) ýylyň birinji güni bilen barabar 2024-nji ýylyň 20-nji martynda Tähranyň raketa, ýadro we goranyş programmalary bahanasy bilen Eýran Yslam Respublikasyna garşy täze sanksiýalar girizdi, emma Nowruzy eýranlylara gutlaýan sargytlary hem iberdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani düýn wirtual giňişlikde Ak tamyň Eýranyň halkyna bolan goşa hereketini tankytlamal bilen dört onýyllykdan gowrak wagt bäri Amerikanyň döwlet işgärleri, aldawçylykly hereketleri bilen we Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Newruz gutlag habarlaryny ibermek bilen bir wagtda, asylly Eýran halkyna garşy iň ýokary we ähli taraplaýyn basyşy artdyrýarlar we Eýranlylar üçin her ýyl sowgaty sanksiýalary köpeltmek ýa-da täze sanksiýalary girizmekdir diýip ýazdy.
Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda, Eýranlylar öz dostlaryny we duşmanlaryny gowy tanaýarlar we bu ýalan we gülkünç çykyşlaryň aňyrsynda erbet niýetleri bilýärler. Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary Lideriniň bellän ýylyň şygary “Halkyň gatnaşmagynda önümçiligiň ösüşi” - hökümetiň we halkyň ykdysadyýet pudagyndaky ýol kartasydyr, iň ýokary durmuşa geçirilmegi bilen, Amerikanyň rehimsiz sanksiýalary bozular we Eýranyň beýik halky üçin has açyk gözýetimler açylar diýdi.
Eýrana diplomatik çemeleşmäni we ýadro ylalaşyga gaýdyp barmak synanyşygyny öňe süren Jo Baýdeniň demokratik hökümeti diňe bir ýadro ylalaşygyna dolanyp bilmedi eýsem has dogrusy, Eýran Yslam Respublikasynyň ballistik raketalary, pilotsyz uçarlary, ýadro ýaraglary we adam hukuklary ýaly goranyş maksatnamasyna bahana bilen yzygiderli sanksiýalary girizdi we bu ugurda Donald Trump administrasiýasynyň şowsuz syýasatyny dowam etdildi.