Amir Abdollahian: Sebitdäki krizisiň düýp sebäbi Ysraýylyň Gazadaky söweşine degişlidir
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýaponiýanyň Daşary işler ministri hanym Ýoko Kamikawa bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň Sionist agressiw režimine garşy kanuny goragyny nygtamak bilen sebitdäki krizisiň düýp sebäbi Ysraýylyň Gazadaky söweşine degişlidir diýdi.
2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde duşenbe güni sionist režim Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine hüjüm edip, Eýranyň ýokary derejeli harby geňeşçileriniň ýedisiniň şehit bolmagyna sebäp boldy.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri we Eýran Ýaragly Güýçleriniň ýokary serkerdesi Aýatolla Hameneýi Tel Awiwiň hereketini Eýran Yslam Respublikasynyň çägine edilen hüjüm diýip atlandyrdy we Sionist režgimiň "jezalandyryljakdygyny" aýtdylar.
Şunuň bilen baglylykda, düýn irden (14-nji aprel, ýekşenbe) Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy basyp alyjy ýerlere pilotsyz we raketa atyp, bu agressiw režimi jezalandyrmaga synanyşdy.
Eýranyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir Abdollahian", Ýaponiýanyň Daşary işler ministri hanym "Ýoko Kamikawa" bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň soňky kanuny goranyş çäresi baradaky Eýranyň ýaragly güýçleri sionist režime garşy pozisiýasy barada, şeýle hem Gazada derrew ot açyşlygy ýola goýmagyň zerurlygy we sebitde deňiz howpsuzlygynyň ähmiýeti barada pikir alyşdy.
Bu söhbetdeşlikde Amir Abdollahian, Eýran Yslam Respublikasynyň harby hereketiniň zerurlygyny we ölçeglerini kanuny goranmak we duýduryş bermek we Ysraýyl režiminiň Siriýanyň Damaskdaky Eýranyň ilçihanasyna eden gazaply hüjümine garşy jeza çäresi hökmündedigini açyklap aýtmak bilen, Eýranyň Damaskdaky diplomatik merkeziniň ýerleşýän ýerine hüjümiň çeşmesi bolan harby we aňtaw bazalary Eýranyň takyk we hasaplanan harby çäresi boldy diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge kömek etjekdigini aýtdy we Ysraýylyň hüjümine bu harby jogabyň diňe çäkli we minimal operasiýa bolandygyny aýtdy we Ysraýyl režimi tarapyndan mundan başga-da haýsydyr bir öjükdiriji hereket edilse, bu gezek Eýranyň jogaby aýgytly, derrew we iň ýokary derejede bolar diýdi.
Amir Abdollahian, Howpsuzlyk Geňeşiniň we Ýediler toparyň agzasy hökmünde Ýaponiýanyň möhüm ornuna ünsi çekip: sebitdäki krizisiň esasy köküniň Gaza söweşine degişlidigini we Eýran Yslam Respublikasynyň dowamly ýaraşyk döretmek üçin diplomatik tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýtmak bilen Ýaponiýadan we Ýediler toparyň agzalaryndan hem şoňa garaşýar diýip sözlerine goşdy.
Bu telefon söhbetdeşliginde Ýaponiýanyň Daşary işler ministri hanym Ýoko Kamikawa Gazadaky gumanitar ýagdaý we sebitdäki konfliktleriň geriminiň giňelmegi baradaky aladasyny beýan edip, Urşy derrew bes etmek we sebitde parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmek üçin köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn geňeşmeleriň we gepleşikleriň dowam etdirilmegini nygtady.
Kamikawa, Eýran Yslam Respublikasynyň Damaskdaky ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgarmakda öz ýurdunyň aç-açan pozisiýasyny ýada salmak bilen; Ýaponiýa diplomatik desgalara edilýän hüjümleri kabul ederliksiz hasaplaýar diýdi.
Soňda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Tähran bilen Tokionyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegine umyt bildirip, sebitde asudalygy, parahatçylygy we durnuklylygy döretmek üçin geňeşmeleriň we gepleşikleriň dowam etdirilmegine ünsi çekdi.