Palestini BMG-nyň doly agzasy hökmünde kabul etmek üçin Eýranyň goldawy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24896-palestini_bmg_nyň_doly_agzasy_hökmünde_kabul_etmek_üçin_eýranyň_goldawy
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Palestini BMG-nyň doly agzasy hökmünde kabul etmek taryhy adalatsyzlyklara garşy göreşde ilkinji ädim we möhüm pursatdyr diýdi.
(last modified 2024-05-11T04:08:03+00:00 )
May 11, 2024 09:08 Asia/Ashgabat
  • Palestini BMG-nyň doly agzasy hökmünde kabul etmek üçin Eýranyň goldawy

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Palestini BMG-nyň doly agzasy hökmünde kabul etmek taryhy adalatsyzlyklara garşy göreşde ilkinji ädim we möhüm pursatdyr diýdi.

BMG Baş Assambleýasynyň Palestinanyň BMG-ä doly agzalygy baradaky karary taslamasy 143 oňýn ses, 9 garşy ses we 25 saklanmak ses bermek bilen tassyklandy.

Bu mesele bilen baglylykda we IRNA habar gullugynyň beren habaryna görä; Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irwani, ýerli wagt bilen Eýranyň Palestinanyň Birleşen Milletler Guramasyna doly agzalygyny goldajakdygyny mälim etmek bilen Palestini Birleşen Milletler Guramasynyň doly agzasy hökmünde kabul etmek ilkinji ädimdir we Palestina halkynyň çeken taryhy adalatsyzlyklaryny çözmekde möhüm pursatdyr diýip beýan etdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili şeýle-de Palestiniň Tertipnamanyň 4-nji maddasyna laýyklykda Birleşen Milletler Guramasyna agza bolup biljekdigini aýtmak bilen bu karar, halkara jemgyýetçiliginiň Palestina halkyna bolan borçlaryny ýerine ýetirmekde we Palestinanyň käbir hukuklaryny dikeltmekde kiçijik, ýöne möhüm ädimdir diýdi.

Irwani sözüniň dowamynda Palestina parahatçylyga ygrarlydygyny we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyndaky borçnamalary ýerine ýetirmek ukybyny görkezdi we netijede ol Birleşen Milletler Guramasyna doly agza bolmaga laýykdygyny mälim etdi diýdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili, sionist režimiň Gaza zolagynda eden jenaýatlaryna we bu režimiň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna boýun egmezligine salgylanyp Amerikanyň Ysraýyla şertsiz goldawyny tankytlady.