Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Eýranyň ýadro doktrinasynda hiç hili üýtgeşme bolmady
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň ýadro doktrinasynda hiç hili üýtgeşmäniň bolmandygyny aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi duşenbe güni Tähranyň halkara kitap ýarmarkasynda žurnalistler bilen hepdelik metbugat ýygnagynda Eýranyň köpçülikleýin gyryş ýaraglary baradaky resmi pozisiýasyny açyklap aýdan gürrüňlerinde bu ýerlikde Yslam respublikasynyň ýokary wezipeli adamlarynyň üsti bilen Eýranyň ýadro doktrinasynda hiç hili üýtgeşmäniň bolmandygy ençeme gezek aýdylandyr mundan başga-da, ýolbaşçyň yslam dinine esaslanyp gyrgynç ýaraglaryň gadagan edilýändigi barada fatwa bar şeýle hem bu ýaraglaryň halkara jemgyýetçiligine howp salýandygy aýdylýar.