Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda gytaklaýyn gepleşikleri tassyklandy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24918-eýran_bilen_abŞ_nyň_arasynda_gytaklaýyn_gepleşikleri_tassyklandy
Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky gytaklaýyn gepleşikleri tassyklady.
(last modified 2024-05-19T06:35:41+00:00 )
May 19, 2024 11:35 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda gytaklaýyn gepleşikleri tassyklandy

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky gytaklaýyn gepleşikleri tassyklady.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Omanda Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda gytaklaýyn gepleşikler barada çap edilen habarlar baradaky sowalyna jogap edip, gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili hem "bu gepleşikleriň ne ilkinji, ne-de soňky" boljakdygyny ýatlatdy.

Mundan öň "Axios" web sahypasy habarly iki amerikan resmisine salgylanyp, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasynyň iki sany ýokary derejeli resmisiniň (Baýdeniň Günbatar Aziýa boýunça uly geňeşçisi Brett MakGurk we ABŞ-nyň Eýran meseleleri boýunça wagtlavyn wekili Abram Paleý) salgylanyp geçen hepde Ummanda Eýran resmileri bilen sebitleýin hüjümleriň möwjemeginiň öňüni almak barada gytaklaýyn pikir alyşdylar.