Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy gulluk şehitleriň jynaza namazyny okadylar
May 23, 2024 06:18 Asia/Ashgabat
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý şehit bolan prezidentiň we onuň egindeşleriniň jynaza namazyny okadylar.
Ýekşenbe 19-njy maý günüň ikindini Gündogar Azerbaýjana "Hoda Afarin bendine" baryp görmek we birnäçe milli we welaýat taslamalaryny açmak üçin giden we meşhur Jihadi prezidenti jenap Raisini alyp barýan dikuçar, bu bentden Tabriz zawodyna gidýär emma Amatsyz howa şertleri sebäpli dikuçar heläkçiligine uçrap ýoldaşlary bilen bilelikde şehitlik derejesine ýetýär.
IRNA habar gullugynyň beren habaryna görä; Ynkylabyň iň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi çarşenbe güni Tähran uniwersitetinde şehit bolan prezidentiň we ýoldaşlarynyň jynaza namazyny okadylar.