Kanani: Sionist režimiň jenaýatlary ABŞ-nyň doly goldawy bilen dowam edýär
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sionist režimiň Gaza zolagynda eden jenaýatlary we hüjümleri ABŞ-nyň doly goldawy bilen boldy diýdi.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani" duşenbe güni metbugat ýygnagynda Sionist režimiň Gazanyň halkyna garşy eden jenaýaty, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň doly goldawy bilen şu güne çenli dowam edýär we ähli usullar we goldawlar bilen bu režimiň kenarynda durýar we Amerikanyň ot açyşlygy bes etmegi kabul edýän taýýardygyny görkezýän subutnama ýokdyr diýdi.
Kanani, sionistleriň Gaza zolagyndaky Nusirat düşelgesinde eden jenaýatlary barada gürrüň gozgap Sionist režimiň bu lagerde eden aýylganç jenaýatyny berk ýazgarýarys diýdi. Köp habarlarda bu operasiýada ABŞ-nyň we Angliýanyň harby we aňtaw güýçleriniň hem rol oýnandygy öňe sürüldi. Bu, sionist režim üçin uly masgaraçylyk bolan üç režimiň tarapyndan geçirilen operasiýada ýüzlerçe palestina raýatynyň şehit bolandygyny görkezýär.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Gazadaky ýaraşyk barada beren gürrüňlerinde Sionist režim tarapyndan sekiz aýdan gowrak söweş jenaýatlary Gaza zolagynda dowam edýär we Amerikan hökümetinde dogruçyllyk bar bolsa, bu režime harby enjam ibermekden saklanmaly diýdi.
Kanani şeýle-de Sionist režimiň kabinetinde birnäçe gezek işgärleriň işden aýrylmagy içerki çökgünligi we bu režimiň haýsydyr bir maksadyna ýetip bilmeýändigini we bu režimiň strategiki şowsuzlyklaryny görkezýär. Elbetde, sionist režimiň kabinetinde birnäçe ganhoryň jaýlarynyň üýtgemegi Palestindäki ýagdaýy üýtgetmez diýdi.