Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýran wekiliýetiniň ABŞ-nyň täze ykdysady sanksiýalaryna reaksiýasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i25104-birleşen_milletler_guramasyndaky_eýran_wekiliýetiniň_abŞ_nyň_täze_ykdysady_sanksiýalaryna_reaksiýasy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze ykdysady sanksiýalaryna jogap hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti ony Amerikanyň eýran halkyna garşy rehimsizlik bilen ýola beren ykdysady söweşiniň bir bölegidir diýip yglan etdi.
(last modified 2024-06-26T04:39:25+00:00 )
Jun 26, 2024 09:39 Asia/Ashgabat
  • Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýran wekiliýetiniň ABŞ-nyň täze ykdysady sanksiýalaryna reaksiýasy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze ykdysady sanksiýalaryna jogap hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti ony Amerikanyň eýran halkyna garşy rehimsizlik bilen ýola beren ykdysady söweşiniň bir bölegidir diýip yglan etdi.

IRNA habarlar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti düýn ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalary barada beren maglumatynda bu Amerikanyň Eýran halkyna garşy rehimsizlik bilen başlan ykdysady söweşiniň bir bölegi; Olar hüjüm edýärler we biz şoňa görä goraýarys diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti sözüniň dowamynda "Bu ykdysady söweşiň ykbalyny kesgitleýän zat Sanksiýalary girizmek güýji dälde; eýsem erkiň güýji." diýip  nygtady.

ABŞ-nyň Gazna ministrligi Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdarany we Eýranyň ýaragly güýçleri bilen baglanyşyk bahanasy bilen giň gizlin bank ulgamynyň birnäçe şahamçasyny döredýändigini aýdyp, 50 adama we guramalara täze sanksiýalar girizdi.