Prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynyň öňüsyrasynda dalaşgärleriň çekişmeleri
Eýranda geçiriljek 14-nji prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynyň ilkinji we ikinji telewideniýe çekişmesi duşenbe we sişenbe güni agşam bu tapgyra çykan iki kandidat jenap Masud Pezeşkiýan we Said Jaliliniň gatnaşmagynda geçirildi. Pezeşkiýan we Jalili bu çekişmelerde syýasy we medeni meseleler boýunça öz pikirlerini aýtdylar.
Eýranda prezident saýlawynyň ikinji tapgyryndan öň geçirilen bu çekişmelere gatnaşan iki kandidat, syýasy we medeni meseleler we halkyň saýlawlara gatnaşygyny ýokarlandyrmagyň ýollary barada öz pikirlerini aýtdy. Pezeşkiýan häzirki dünýäde, aragatnaşygymyzy ösdürmeli we bu meselede goňşy ýurtlar we sebit aýratyn orny eýeleýär diýdi. Daşary işler ministrliginiň ýa-da daşary syýasatyň sungatynyň çeýeligi we gepleşikler we söwda üçin dürli alternatiwalar bolmalydygyny Pezeşkiýan sözüniň üstüne goşdy. Jalili şol bir soraga jogap hökmünde dinamiki we işjeň daşary syýasata eýe bolmak üçin diňe birnäçe güýçleriň güýji bilen kanagatlanmaly däldigini aýtdy. Şeýle hem, bir ýurt içerki ykdysadyýetiniň üstünlik gazanmagyny islese, ähli ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmelidigini Jalili aýtdy.
Mundan başga-da, syýasy we medeni meseleler boýunça käbir tapawutlara garamazdan, kandidatlar prezident saýlawlarynyň birinji tapgyryna gatnaşanlaryň az bolmagy Yslam ulgamyna gelişmeýändigini nygtadylar.Öňki Saglyk ministri we Yslam Şuwra Mejlisiň häzirki wekili Pezeşkiýan we Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň öňki sekretary Jalili şu telewideniýede çekişmelerde ýene bir gezek ösüş üçin ykdysady meýilnamalary we ýurduň ösüşini görkezmek hakda çykyş etmäge mümkinçilik aldylar .Soňky ýyllarda Eýranyň parahatçylykly ýadro programmasyny ösdürmek bahanasy bilen Eýrana garşy rehimsiz sanksiýalaryň girizilmegini göz öňünde tutup, syýasy we ykdysady meseleler hemişe içerki meselelerde ara alnyp maslahatlaşyldy, esasanam telewizion çekişmelerde problemsurtdaky meseleler içerki gelip çykyşyndadyr, halkyň we wezipeli adamlaryň hyzmatdaşlygy, düşünmegi we iki esse tagallasy bilen çözülip bilner. Eýranda prezident saýlawynyň 14-nji tapgyry, 28-nji iýunda anna güni irden dokuzynjy prezidenti kesgitlemek üçin geçirildi, ýöne dört kandidatyň hiç biri-de sesleriň (50% + bir ses) mutlak köplügini alyp bilmeýändigi sebäpli; Jalili we Pezeşkiýan indiki anna güni ( 5-nji iýul) geçiriljek ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Köp bilermenleriň pikirine görä, çekişmeler halkyň gatnaşygyny ýokarlandyrmakda we dalaşgärlere has gowy düşünmekde täsirli bolup biljekdir. prezident Seýid Ebrahim Raisi we onuň ýoldaşlarynyň bir topary 19-njy maý, ýekşenbe güni gurluşyk taslamasynyň açylyş dabarasyndan gaýdyp barýarka dik uçar hadysada şehit boldylar.