Eýranyň saýlanan prezidentiniň rewolýusiýanyň ýokary lideri bilen duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i25176-eýranyň_saýlanan_prezidentiniň_rewolýusiýanyň_ýokary_lideri_bilen_duşuşygy
Eýranyň saýlanan prezidenti Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bilen duşuşdy.
(last modified 2024-07-06T13:33:17+00:00 )
Jul 06, 2024 18:33 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň saýlanan prezidentiniň rewolýusiýanyň ýokary lideri bilen duşuşygy

Eýranyň saýlanan prezidenti Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bilen duşuşdy.

Eýranyň prezidenti saýlanan Masud Pezeşkian şu gün agşam (şenbe) Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri bilen duşuşdy.

Yslam rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň edarasynyň maglumat bazasyna görä; Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bu ýygnakda, Eýranyň saýlanan prezidentini köplük sesiniň üstünligi bilen gutlap, saýlawlaryň ikinji tapgyryna gatnaşmagyň artýan tendensiýasyndan kanagatlanýandygyny mälim edip, Saýlanan prezidentiň, halkyň mümkinçiliklerinden we ýurduň beýleki köp mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ösüş we abadançylyk ýolunda ädim ätjekdigine umyt bildirdiler.

Eýranyň 14-nji prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda "Masud Pezeşkian" jemi 30 million 530 müň 157 sesden 16 million 384 müň 403 ses bilen Eýranyň 9-njy saýlanan prezidenti bolup bildi.